Köp sanly myhmanlary çagyryp, giň gerimde bellenilýän maşgala dabaralary üçin muňa ýörite niýetlenen restoranlary ýa-da banket zallaryny saýlamagyň iň ýerlikli çözgütdigi ikuçsuzdyr. Durmuş toýy, ýubileýler, toýuň ýyllygy, maşgala agzalarynyň doglan günleri, bäbek toýy ýa-da çagalaryň baýramçylyk şagalaňy... bularyň ählisi öýde bellemegi ýeňil düşmeýän dabaralardyr. Şunuň ýaly ýagdaýlarda öýe myhmanlaryň sygmaýandygyny, aşhananyň bolsa islendik tagamlary taýýarlamaga mümkinçilik bermeýändigini, şeýle-de, elbetde, dabara tamamlanandan soň, öýi ýygnamagyň ýeňil düşmeýändigi uly müşgillikleriň döremegine sebäp bolýar. Şol sebäpdenem, köpler beýle dabaralary toý mekanlarynda bellemegi göwne makul hasap edýärler.
Bular ýaly ýagdaýda uly maşgala dabaralary üçin has laýyk boljak toý mekanyny saýlap almagyňam öz inçe aýratynlyklary we tapawutly taraplary bardyr. Giň gerimdäki dabaralary baýram etmek babatda toý mekanyny saýlap almakda şu hili degerli maslahatlara üns çekmek bolar.
Ilki bilen, toýuňyzda gelmegine garaşylýan myhmanlaryň sanyndan ugur almaly. Eger olar o diýen bir köp bolmasa (50 adam töweregi), kiçi göwrümli zal ýa-da restoranyň zalynyň bir bölegini saýlap almak laýyk bolar (esasy zat, toýuňyzyň şol gün geçiriljek başga bir toý bilen gabat gelmeýändigine üns çekmeli). Türkmenistanda toý dabaralaryna ýüzden gowrak myhmanyň gelmegi adaty ýagdaýdyr, şonuň üçinem giň zally toý mekanynyň saýlanyp alynmagy has maksadalaýyk bolsa gerek.
Giň tans meýdançasynyň bolmagy maşgala dabaralary üçin toý mekanyny saýlamakda möhüm şertleriň biridir. Şeýle hem toýda onuň sebäpkärleriniň özleriniň isleglerine laýyklykda, ussat aýdymçydyr sazandalar tarapyndan “janly sesli” aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilmegi-de esasy zerur zatlaryň biri diýip belläp bolar.
Toý zalynyň sazlaşykly, owadan bezelmegi, ýagny zalyň dürli künjeginden ýaş juwanlaryň hem-de tans meýdançasynyň görünmegi, bezegiň utgaşykly görnüşde bolmagy ýene-de bir nazarda tutmaly şertleriň biri bolup durýar. Eger myhmanlaryň sany has köp boljak bolsa, muňa has-da ähmiýet bermelidir.
Türkmenistanyň maýyl howa şertlerinde toý mekanlarynda kuwwatly howa sowadyjy ulgamlaryň ornaşdyrylmagy esasy zerurlyklaryň biridir. Tomsuň juda yssy günlerinde-de ol myhmanlaryň salkynlamagyny üpjün eder, gyş günlerinde bolsa toý zalynyň içinde maýyl howa şertini döredip biler.
Aşhana tagamlarynyň görnüşlerine üns çekmek, bu nobatdaky derwaýys zatlaryň hataryndadyr. Sebäbi toýa gelýänleriň içinde daşary ýurt aşhanasyny halaýanlaryň agdyklyk etmegi hem seýrek ýagdaý däldir. Hut şuny göz öňüne tutubam, toý mekanlarynyň käbiri müşderilerine türkmen tagamlary bilen birlikde, türk, italýan hem-de gruzin aşhanalarynyň tagamlaryny hödürleýärler.
Has dogrusy, toý zalyny örän oýlanyşykly saýlap aljak bolsaň, toý mekanyna baryp iş dolandyryş hünärmenleri bilen söhbetdeş bolmak iň ýerliklisi.
Eger birkysmy hyzmatlar toplumyny hödürleýän toý mekanlarynyň içinden iň özüňize laýyk geljegini tapmak üçin olaryň peýdaly we peýdasyz taraplaryny görkezip sanaw düzüp bilersiňiz. Şeýle eden ýagdaýyňyzda ýalňyşmarsyňyz, hemem olaryň hersiniň iň tapawutly ýerini görmek bolar.
Aşgabat şäherinde ýerleşýän, özüne 1000 adama çenli myhmany kabul edip bilýän “Ak Ýol” toý mekany sadakadan başlap, ýüzlerçe myhmanly toýlar ýaly dürli hili maşgala dabaralaryny bellemäge mümkinçilik berýär.
Toý mekanynyň ýagty tonlarda bezelen giň we aýdyň zaly, professional aşpezleriň hödürleýän täsin tagamlary, ýokary hilli ses hem-de yşyklandyryş enjamlary, medeniýetli hyzmat edýän ýaşlar, şeýle-de onuň şäheriň iň bir ajaýyp ýerinde ýerleşmegi — bularyň ählisi toýy ýatdan çykmajak öwüşginlerde toýlamakda ýokary şertlerdir.
Mundan başga-da, “Ak Ýol” toý mekany ýaş çatynjalara toý dabarasy üçin toý zalynyň tölegini 36 aýa bölüp, möhletleýin tölemek hyzmatyny, şeýle hem myhmanhanadan tölegsiz lýuks-otagyny hem-de “Linkoln” toý awtoulagyny bermek mümkinçiligini hödürleýär.
“Ak Ýol” toý mekanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezi. Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.
Peýdalanylan çeşmeler: firdusi.ru; banket4.ru
Şeýle-de okaň: