Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» toý mekany türkmenistanlylary toý dabaralaryny bellemäge çagyrýar

10:2614.02.2023
0
42662

Türkmen halky toýdur dabaralary ýokary derejede belleýär, naz-nygmatlardan doly saçagyny myhmana giňden açýar. Şeýle belent äheňli dabaralary bellemek babatda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekany Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny giň gerimde toý tutmak, doglan günleri baýram etmek, sadaka bermek, şeýle-de oturyşlyklardyr başga dabaralary guramaçylykly bellemäge çagyrýar.

Özünde 1000 adamy ýerleşdirip bilýän giň toý zaly myhmanlary ýokary hilli hyzmatlary, türkmen hem-de ýewropa aşhanasynyň tagamlary, şeýle-de her myhmana ýetirilýän aýratyn hyzmaty bilen begendirýär.

«Biziň toparymyz toý myhmanlaryny garşy almaga hemişe taýýardyr. Hut şonuň üçinem biz tagamnamalaryň birnäçe görnüşini taýýarlaýarys. Mundan başga-da, geljek müşderilere ýokary derejedäki yşyklandyryş we ses enjamlary, zalyň bezegleri, süýjülik torty, foto we wideoýazgylary görkezmek üçin niýetlenen birnäçe monitorlar ýaly özboluşly sowgatlary ýetirýäris. Şeýle-de toý edýän ýaş juwanlara myhmanhanadan lýuks otag hem-de «Lincoln» kabriolet awtoulagynda aýlanmak hyzmaty tölegsiz hödürlenýär» diýip, «Ak Ýol» toý mekanynyň wekili gürrüň berýär.

«Ak Ýol» toý mekany «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde ýerleşýär. Salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý.

Has giňişleýin maglumatlary şu telefon belgilerinden alyp bolýar: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň