Bu maglumatlar, esasan-da, nahardyr süýjülikleri taýýarlamagy has oňat başarmaýan, emma ýakynlaryny ýa-da myhmanlaryny özboluşly datly tagam bilen begendirmek isleýän gelin-gyzlar üçin örän peýdaly bolsa gerek. Bu tagamlaryň käbiriniň taýýarlanyş resepti dagy şeýlebir aňsat welin, oňa hatda çagalary hem çekmek bolýar.
Surat: boned.ru
Dilimlenen Täze ýyl «arçasyny» taýýarlamak juda az wagtyňyzy alar. Onuň esasy bölegini ýasamak üçin almanyň ýarysyna goýlan agaç çöpjagaz gerekdir. Tagamyň esasyna başga-da nähili zatlary birikdirjekdigiňiz öz islegiňize we hyýalyňyza görädir. Bu hyýar, limon, kiwi, greýpfrut ýa-da peýnir, şeýle-de şöhlat bölekleri bolup biler.
Surat: wp.com
Täze ýyl stolunda Kanape-arçajyklar hem örän ajaýyp keşbi döretse gerek. Gök we miwe arassalanýan pyçak bilen hyýary inçe edip kesip, oňa hem çöpjagazlary dürtüp çykmaly. Arçajygy bezemegiň dürli hili görnüşi bolup, ony sosiska bölegine, syra, çerri pomidoryna ýa-da gara çörege, üwelen etli ýumurtga we başga-da birnäçe önüm bilen goşup goýup bolar.
Surat: pinterest.com
Miwelerden we ir-iýmişlerden taýýarlanylýan süýjüje «arça» hem taýýarlamasy kyn tagam däldir. Munuň üçin esasan ýarty bölek alma, käşir hem-de çöpjagaz gerek. Muny bezemek ýene-de siziň öz islegiňize we fantaziýaňyza laýyklykda bolar. Ony, mysal üçin, ýertudana ýaly haýsy hem bolsa birje iýmişden, şeýle-de dürli miweleri goşup taýýarlamak bolýar.
Surat: dach.ru / pinterest.com
Edil şunuň ýaly usulda brokkoliden, marmeladdan, zefirden we bezeden süýjülikler taýýarlanylýar.
Surat: jenskiymir.com
Şokolad süýjülerinden hem «arçajyk» ýasamak özboluşly usuldyr. Munuň üçin çüýşe, ýa bolmasa-da galyňja kagyzdan konus şekilini ýasamaly. Onuň daş tarapynyň ähli ýerlerini ikitaraplaýyn skotç bilen örtüp, oňa hem şokolad süýjülerimiziň ýelmäp çykýarys. Şokoladlary dürli-dürli hili görnüşde hem ýerleşdirip bileris. «Arçajygymyzy» monjukdyr zer bilen bezemek göwnejaý bolar.
Surat: sgushhenka.ru
Aşakdaky salgylanmalarda Täze ýylda iýilýän datly «arçany» birnäçe görnüşleriniň taýýarlanyş usullary beýan edilendir. Täze ýylyňyz gutly, mübärek bolsun!
Peýdalanylan çeşmeler: dzen.ru; ihappymama.ru; samodelka.net; jenskiymir.com; floridei.ru; damion.club; zhurnal-lady.com; sgushhenka.ru
Şeýle-de okaň: