Öý ýa-da jaýy tapmagyň we satyn almagyň çylşyrymly gözlegine başlamak bilen, her bir adam bu işde özbaşdak ýa-da gozgalmaýan emläk boýunça hünärmeniň hereket etmelidigini kesgitleýär. Ýaşaýyş jaýyny satyn almakda dürli ýagdaýlary we bolup biljek ýalňyşlyklary barlamak talap edilýär, şeýle barlagy özbaşdak hem nazarda tutup bilersiňiz.
Bu işi birnäçe tapgyra bölmek bolar:
1. Birgiden maglumatlary özbaşdak pikirlenmäge taýýar boluň. Bu babatda jaýy ähli ýerden gözlemeli bolýar, şonuň üçin çap edilen materiallara göz aýlaň: (gazetler, žurnallar) we internetdäki öý satuwy bilen baglanyşykly dürli web saýtlar.
2. Eger siziň islegiňize laýyk gelýän emläk duşsa, satyja jaň edip, baryp görmeli senäňizi anyklaň, anyk wagtyny oýlanyşyň, bahasyny gyzyklanyň. Öýi barlamaga gaty ünsli çemeleşiň, öýüň her burçuna göz aýlaň, hammamlary, suw turbalaryny, elektrik toguny barlaň. Diwarlar gury, galyndysyz bolmalydyr, penjireden daşarynyň görnüşini hem göz öňünde tutuň.
3. Öýüň şertlerini halan bolsaňyz, onuň çykdajysy barada gepleşiň we satyjynyň bu ýaşaýyş ýerine eýeçiligini tassyklaýan resminamalar bilen tanşyň. Iň gowy çözgüdi tapmak üçin birnäçe mümkinçiliklere göz aýlaň.
4. Indiki ädim — goýum goýmak. Hiç haçan şuňa meňzeş goýumy goýmaň, şertnama baglaşmagy talap ediň, eger satyjynyň ýalňyşlygy sebäpli geleşik ýatyrylsa, onda iki esse goýum talap edip bilersiňiz. Öýe hasaba aldyrmagyň möhletini dessine kesgitläň, muny sanaw görnüşinde resminamalaşdyrmak ýerlikli bolar. Jemagat hojalygynyň töleglerini barlaň, ýogsam ähli tölenmedik tölegler awtomatik usulda öýüň täze eýesine geçýär.
5. Notarial edarasynda satuw we satyn alyş amallaryny resmileşdirmek. Satuw we satyn alyş amallaryny resmileşdirmek üçin notarial edarasyna tabşyrmaga zerur bolan resminamalaryň sanawyny taýýarlaň. Sanawy notarial edarasyndan alyp bilersiňiz.
Özbaşdak öý satyn almak babatda barlag geçirmek üçin boş wagt tapyp başyna barsaňyz, ýokardaky sanalan işleriň ählisini ýerine ýetirmek kyn däldir. Bu meseläni gozgalmaýan emläkçiniň ygtyýaryna geçirmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, özüni gozgalmaýan emläkçi diýip atlandyrýan her bir adama ynam bildirmekden daş durmagy unutmaly däldir.
Surat: ru.freepik.com
Ilki bilen, gozgalmaýan emläk boýunça kärhananyň ýa-da agentligiň işgäri bolmazdan satyjy bilen alyjynyň arasynda araçy hökmünde çykyş edýänlerden dynmaly. Türkmenistanyň gozgalmaýan emläk işi bilen bagly Kanunyna laýyklykda, gozgalmaýan emläkçi ýörite hünär taýýarlygy bolan, Türkmenistanyň gozgalmaýan emläkleriniň döwlet sanawynda hasaba alnan we gozgalmaýan emläk agentliginiň adyndan sarp edijilere gozgalmaýan emläk hyzmatlaryny berýän gurama işgäridir. Şunlukda, gozgalmaýan emläkçi resmi taýdan degişli kärhananyň işgärleriniň hatarynda bolmaly, ýörite hünär taýýarlygy bolmaly we gozgalmaýan emläk guramasynyň adyndan hereket etmeli.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, gozgalmaýan emläk işi — bu gozgalmaýan emläk guramasynyň şertnamalaýyn we öwezini dolmak esasynda gozgalmaýan emläk hyzmatlaryny bermek, bu hyzmatlary döretmek, üýtgetmek we gozgalmaýan emläk hukugynyň ýatyrylmagy ýaly şahsy ýa-da ýuridiki görnüşli tarap-sarp edijä ýetirmek üçin amala aşyrylýan telekeçilik işidir.
Aslynda, köplenç özlerini gozgalmaýan emläkçi hasaplamak bilen, kärhanalarda işlemezden özbaşdak, öz howpy we töwekgelçiligi bilen işleýän adamlar bar. Şeýle adamlara köplenç «öýçüler» ýa-da degişli patentiniň bar bolan ýagdaýynda «adatdan daşary ýagdaý» diýilýär. Bu adamlaryň köpüsi kazyýet işine düşünmeýärler we olaryň esasy maksady müşderiniň hasabyna gysga wagtyň içinde ýokary girdeji almak bolýar. Ilatyň arasynda beýle adamlara bolan garaýyş örän negatiw bolup, olar hünärmen däldigi we diňe «hiç zat etmezden halkdan pul almaga» taýynlygy sebäpli ýazgarylýar.
Eger öý satyn almak meselesinde gozgalmaýan emläk agentligini saýlaýan bolsaňyz, onda-da işleşýän ýeriňize örän anyk göz ýetirmeli. Gozgalmaýan emläkçi bilen ilkinji gezek tanyşanyňyzda, emlägiňizi we resminamalaryňyzy görkezmäge howlukmaň, şahsyýetini tassyklaýan resminamany, kärhananyň kanuny salgysyny, ýuridiki edaranyň wekilidigini tassyklaýan resminamalary we aragatnaşyk telefon belgisini soramak gerekdir. Gozgalmaýan emläk hyzmatlaryny bermek barada siz bilen şertnama baglaşmagy talap ediň, şertnama gol çekmezden ozal onuň talaplary görkezilen mazmunyny üns bilen okaň.
Gozgalmaýan emläk hyzmatlarynyň hilini kärhananyň we gozgalmaýan emläkçiniň, wekiliň abraýy kesgitleýär. Gozgalmaýan emläk bazarynda gozgalmaýan emläkler kän, ýöne adamlar ýaşaýyş jaý satmak we almak meselesini üstünlikli çözmäge ýardam edýän adamlara we kärhanalara ýüz tutmagy makul hasaplaýarlar. Şonuň üçin degişli hyzmatlary has oňaýly ýetirip biljek kanuny esasly bolan gozgalmaýan emläk agentligini saýlaň.
2012-nji ýyldan bäri bu ugurdaky ýokary guramaçylykly işine başlan «Hekem» kärhanalar topary gozgalmaýan emläk babatda müşderiler üçin professional jogapkärçiligi we hödürlenýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli subut edip gelýär. Bu bolsa öz gezeginde kärhananyň emläk bazarynda ýokary derejede abraý gazanmagyna itergi berdi.
«Hekem» kärhanalar toparynyň ähli hünärmenleriniň bellenen görnüşde gulluk şahadatnamalary bar. «Hekem» toparynyň işinde gozgalmaýan emläk babatda üç taraplaýyn — öýi satyjy, alyjy hem-de kärhana ýaly taraplaryň arasynda şertnamalar baglaşylýar. Degişli şertnama laýyklykda, gozgalmaýan emläk agentligi gozgalmaýan emläk hyzmatlaryny ýerine ýetirýär we sarp ediji hem bu hyzmatlar üçin töleg tölemegi öz üstüne alýar.
Oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýän gozgalmaýan emläk satmak we satyn almak bilen baglanyşykly sowallaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda, «Hekem» kärhanalar toparynyň hünärmenleri ähli zerur bolan kömegi bermäge taýýardyr. Şu görkezilen salgylar boýunça maslahatlaşyp, Aşgabatda ýerleşýän «Hekem» kärhanasy bilen şertnama baglaşyp bilersiňiz:
- 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 98-nji jaý;
- Görogly köçesi, 46-njy jaý («Watan» konsert merkezi);
- Görogly köçesi, 73-nji jaý.
Telefon belgileri: (+993 12) 47 82 54, (+993 12) 47 81 15, (+993 12) 47 88 52, (+993 12) 92 18 56, (+993 61) 57 40 72.
Elektron poçta salgysy: blbatyal59@inbox.ru