Soňky habarlar

Arhiw

Ýer jaýy ýa-da kwartira: öý satyn almagyň ýörelgeleri

0
10071

Giň göwrümli inedördül metrden ybarat ýaşalga edinmekde köpleriň öňünde şu sowal durýan bolsa gerek: Şahsy jaýmy ýa-da kwartira öýüni satyn almaly? Bu makalada «Güneşli zaman» kärhanasynyň gozgalmaýan emläk we gurluşyk boýunça bilermeni bu iki hili öýüň hem mümkinçilikleri we amatlyklary barada gürrüň berýär.

«Şahsy jaý almak ýa-da köpgatly jaýlardan kwartira öýüni edinmek babatdaky soraga anyk jogap bermek ýeňilem däl. Bu ýagdaýda haýsydyr bir anyk alnan maşgalanyň ýagdaýy we talaplary göz öňüne tutulsa ýerlikli bolýar» diýip, «Güneşli zamanyň» hünärmeni belleýär.

Şäher çetindäki jaýlar kimler üçin amatly bolup biler?

  • Binäçe nesliň wekilleri bolan, şeýle-de köp çagaly maşgalalar üçin;
  • Tebigaty, bag ýetişdirmegi, ekin-dikini söýýänler üçin;
  • Şäher galmagalyndan çeträkde bolup, ümsümligi, arkaýynlygy halaýanlar üçin;
  • Ses-gohly hünärde işleýän adam, mysal üçin sazanda ýa-da ussa kişiler üçin;
  • Goňşulary bilen düşünişip bilmeýän ýa-da düşünişmesi kyn bolan goňşulardan ýadan adamlar üçin;

«Şu görnüşdäki şahsy jaýda ýaşamagyň peýdaly taraplary hökmünde ekologiýa, giň howly, özüňe degişli mellek ýeriň bolmagy we ol ýerde islendik üýtgedip gurma işlerini geçirmek mümkinçiligi ýaly şertleri belläp geçip bolar» – diýip, kärhananyň hünärmeni aýdýar.

Beýle jaýa eýeçilik etmek bilen howlyňy işläp bejermekde özüňçe ýa-da haýsydyr bir kärhana ýa-da ussa ýüz tutmaly bolýar. Ýöne şäher jaýlarynyň golaýynda ýerleşýän söwda merkezleridir hyzmatlar üpjünçiligi ýaly infrastrukturalar sizden uzakda bolar. Emma maşgalada aýak ulagyň bolsa bu zatlar känbir müşgilligem däldir. Indi-hä täze köpsanly onlaýn marketleriň we taksi hyzmatlarynyň ýüze çykmagy bilen islendik zady has oňaýly sargyt edip islendik salgy boýunça alyp hem bolýar.

«Güneşli zamanyň» müşderisiniň goýan teswiri: «Özbaşdak ýer jaýa göçmek baradaky pikir üçünji çagamyz bolandan soň döredi. Şol sebäpden hem muny maşgala bolup maslahat etdik-de, ikirjiňlenip durman täze jaýa göçmeli diýen karara geldik we ahyrynda göçdük. Indi giň öýümizde hemmämiz üçin ýer artykmajy bilen bar».

Kwartira öýi kimler üçin amatly?

  • Ýeke özi ýaşaýan ýa-da çagasyz maşgalalar üçin;
  • Işi köplenç halatda iş saparlary bilen bagly adamlar üçin;
  • Şahsy ulagy bolmadyk, çagalaryny mekdebe ýa-da çagalar bagyna, gurnaklara eltmek mümkinçiligi bolmadyk maşgalalar üçin;
  • Şäheriň adaty maşgalalary, has takygy, dükanyň, mekdebiň, kinoteatrlaryň, sport klublarynyň golaýda bolmagyny isleýän maşgalalar üçin.

Kwartirada ýaşamagyň amatly tarapy diýip, ulaglaryň gatnaw mümkinçiligini, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň elýeterdigini we beýleki mümkinçilikleri aýtmak bolýar.

Özüňize jaý satyn almakda isle ýer jaý ýa-da kwartira öýüni satyn alyň, esasy bu ugurda jaýlyk meselä has giňden düşünýän bilermenleriň pikirini diňlemezden hereket etseňiz ýalňyş çözgüde gelmegiňiz örän mümkindir.

Bu ugurda size dogry ädim ätmäge ýardam berjek «Güneşli zaman» kärhanasynyň iş çygryna diňe bir gozgalmaýan emläkleri alyp-satmak däl-de, eýsem dürli görnüşli döwrebap stili bilen öýleriňize öwüşgin berjek, şeýle-de öz islegiňize görä taýýarlanylýan öý mebellerini hem degişlidir.

«Güneşli zaman» kärhanasynyň ýörelgesi hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyna, hyzmat işleriniň kadaly bolmagyna hem-de müşderileriň ýüze çykyp biljek töwekgelçiliklerden goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Kärhana şu salgylar arkaly ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 166/1 jaýy, «Altyn Luw» binasy, 3-nji gat. Telefon belgileri: +99312 95 50 14.

Peýdalanylan çeşmeler:  j.etagi.com; kadrof.ru; zen.yandex.ru; nedvio.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar