Soňky habarlar

Arhiw

Hakyky iPhone: smartfonuň ýasama görnüşini tanamak üçin birnäçe maslahat

0
19877

«Apple» kompaniýasynyň önümleri Ýer ýüzünde iň gowy elektron tehnikalarynyň hatarynda tanalýar. iPhone smartfonlary ýokary hil kepilligi hem-de ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar, käbir adamlar üçin bolsa ol üstünliklere sebäp bolýar.

Emma smartfonuň dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolmagy onuň ýasama görnüşleriniň hem peýda bolmagyna getirdi. Smartfonuň ýasama görnüşleri örän köp öndürilip, kähalatda bolsa ony adaty smartfondan tapawutlandyrmak-da kyn bolýar.

Şonuň ýaly-da, adaty, has takygy hakyky iPhone diňe özüne mahsus bolan aýratynlyklary bilen tapawutlanyp, smartfony has giňden tanamaga ýardam edýär. Käbirleriniň aýtmagyna görä, tejribeli ulanyjy ony eline alanyndan tanap bilýär. Eger siz bu ugurda has tejribeli däl bolsaňyz ýa-da şu hili ýakynlaryňyz ýok bolsa, onda şu getirilýän maslahatlardan peýdalansaňyz ýerlikli bolar.

Daşky keşp:

Hakyky iPhone smartfonunyň daşky göwrümi alýuminiý metalyndan taýýarlanylýar. Ol eliňe alanyňda agramly bolmalydyr (smartfonuň daşky keşbi alýuminiýe örän çalym etse-de, onuň agramy ýeňil bolsa enjamyň ýasamadygy baradaky pikire iterýär). Düwmeler we boltlar smartfonuň reňki bilen deň bolmalydyr, USB birikdirmesi bolsa gowşak hem, enjama has girizilen hem bolmaly däldir. iPhone smartfonunyň arkasy aýryp bolmaýan görnüşde bolup, ony diňe boltlary towlap açyp bolmaýar.

Muny bilmek zerur: Hakyky iPhone smartfonunda iki sim karty bolmaýar, şeýle-de onda fleş ýat we antenna hem ýokdur. Bu aýratynlyklaryň bolmagy eýýäm enjamyň ýasamadygyny alamatlandyrýar.
iPhone-iň arkasynda ýerleşýän meşhur alma nyşany enjama ýelimlenen däl-de, çaýylan görnüşdäki metaldandyr. Onuň gabyndaky alma bolsa basylyp ýasalan görnüşdedir.

Aksessuarlaryň daş keşbi

Hakyky iPhone smartfonlary elmydama polietilen gapda brendiň hakyky nauşnikleri, SIM karta çykaryjy we adapter hem-de zarýad beriji kabel bilen oňat gaplanan görnüşde gelýär. Şeýle hem olaryň resminamalary bolýar. Original zarýad berijiniň simi bolsa galp zarýad berijilerden has ýumşak we çeýe bolýar. Ähli garnituralar hiç bir päsgelçiliksiz we örän tekiz görnüşdedir.

Programma üpjünçiligi. Ýasama iPhone-larda Siri we «iPhone-y tapmak» ýaly programmalar işlemeýär we olarda AppStore düwmä basanyňda Google Play internet dükanyna girýär. Mundan başga-da, hakyky iPhone-larda iTunes-li awtomatik sinhronizirleme bolýandyr.

Ulanylýan enjamyň hakykydygyna göz ýetirmek üçin 15 belgiden ybarat bolan IMEI identifikasiýa barlagyndan peýdalanmak has ygtybarlydyr. Ony telefonyň arka ýüzünden ýa-da Sim kart ýerinden tapyp bolýar. Eger iPhone smartfonuňyz hakyky bolsa, ol baradaky ähli esasy maglumatlar ýüze çykýar. Ýasama smartfonlarda bolsa ekranda onuň hakyky däldigi baradaky ýazgy peýda bolýar.

Peýdalanylan çeşmeler: lifehacker.ru; kp.ru; zen.yandex.ru.
 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar