Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Babamyrat Meredow

0
8568

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça wagyz işleri dowam edýär. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sany 9 adamdan ybarat. Dalaşgärleriň biri Babamyrat Meredowyň terjimehaly we saýlaw maksatnamasy bilen tanyş edýäris.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Babamyrat Tirkeşowiç Meredowyň terjimehaly

Babamyrat Tirkeşowiç Meredow 1981-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Zaman geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.

1988 — 1997-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 55-nji orta mekdepde okady.

1997 — 2001-nji ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, ony inžener-sistemotehnik hünäri boýunça tamamlady.

2001 — 2012-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň informatika mugallymy bolup işledi.

2012-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory wezipesinde işleýär.

Maşgalaly, iki çagasy bar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Babamyrat Tirkeşowiç Meredowyň maksatnamasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watanymyz täze, belent maksatlar bilen ynamly öňe barýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalaryna meni iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürländikleri üçin hoşallygymy bildirýärin we olara işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin.

Döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýurduň we halkyň bähbidine ägirt uly, taryhy wakalar bolup geçýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary döwletimiziň geljegi bilen baglanyşykly iňňän möhüm wakadyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçirilýän Prezident saýlawlary ýurdumyzda demokratiýanyň pugtalandyrylýandygyna, jemgyýetiň hukuk medeniýetiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilendir. Döwletiň, jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitleriniň utgaşdyrylmagy, şunda kanunçylyk binýadynyň emele getirilmegi eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagy üçin pugta esaslary döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýymda, ýurtda mundan beýläk-de parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmaga, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen aşakdaky düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy maksat edinýärin.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we telekeçiligi goldamak meniň meýilnamamyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, sebäbi Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Türkmen telekeçileri ýurduň ykdysady taýdan ösdürilmegine, eksportynyň yzygiderli artdyrylmagyna möhüm goşant goşýarlar. Telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki wagtda döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda berk kanuny esas hem döredildi. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda: «Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine goldaw berýär» diýlip bellenilýär.

Maliýeleşdirmäge goldaw bermek, ýeňillikli karzlar almak, täze senagat we jemgyýetçilik desgalarynda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ulanmak, salgytlary azaltmak, karz edaralarynyň işini we olaryň ýerine ýetirýän amallaryny kämilleşdirmek ugrundaky işler hususy pudagyň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biziň döwletimiz giň gerimli bitewi býujet-maliýe, salgyt we pul syýasatyny alyp barýar. Men hem bu amallaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin yzygiderli goldaw bererin.

Türkmenistan dünýäniň hukuk tejribesinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Şonuň üçin-de parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň halkara syýasatynyň özenini emele getirýär. Ýurdumyz islendik peýdaly pikirlerdir tekliplere açyk we beýleki döwletler, halkara guramalar bilen gepleşiklere hemişe taýýardyr.

Garaşsyz Türkmenistan ata-babalarymyzyň agzybirlikde, asudalykda, dostlukly gatnaşyklarda ýaşamak baradaky ýörelgelerine geljekde-de ygrarly bolup, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirip, dünýäniň ösen ýurtlary bilen gatnaşyklary täze derejä çykarar.

Daşary we içeri syýasat, Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylykly we özboluşly milli ýörelgelere esaslanýar. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, deňhukukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, harby guramalara gatnaşmazlyk ýaly esasy ýörelgelere ygrarly bolup, halkara meselelerde diňe diplomatik gurallara daýanýar.

Türkmenistan geljekde-de parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrar, halkara durnuklylygy saklamaga goşant goşýan täze maksatnamalary durmuşa geçirer. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, biziň ýurdumyz daşary ýurtlar bilen syýasy, diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Munuň özi diňe bir Watanymyzyň däl, eýsem, dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysady ösüşine täsir eder. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi sebitara ähmiýetli taslamalaryň hatarynda durýar. Geljekde ykdysady, ulag-aragatnaşyk, durmuş we ynsanperwer ugurlarda hem ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmegiň üstünde işlemek dowam etdiriler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli mejlislerinde Türkmenistan Aziýa sebitinde halkara ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Ýurdumyzda durnukly ulag ulgamy boýunça geçirilen iri halkara forumlar ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek baradaky tekliplerimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny görkezdi. Geljekde hem şeýle özgertmeleri amala aşyrmak dowam etdiriler. Ýurdumyzyň önümçilik we ykdysady ulgamyna innowasiýalary hem-de iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan işler yzygiderli alnyp barlar.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine netijeli täsir edýän taslamalary durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň geografik ýerleşişini göz öňünde tutup, pudaklary diwersifikasiýalaşdyrmak we täze iş orunlaryny döretmek bilen, sebitleriň önümçilik tejribelerinden netijeli peýdalanmak üçin giň gerimli çäreleri durmuşa geçireris.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan düýpli özgertmeleri Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Munuň özi täze senagat we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döremegine goşant goşýar. Şoňa laýyklykda, häzirki döwürde giň gözýetimli, döwrebap pikirlenip bilýän, sanly ulgamdan oňat baş çykarýan hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Täze taryhy döwri başdan geçirýän ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygy, Watanymyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşi, her bir raýatyň bagtly durmuşy ugrunda öňde goýan maksatlarymyza ýetmekde yhlasymy, başarnygymy gaýgyrman, gije-gündiz zähmet çekerin.

Ylmy esasda işlenip düzülen döwlet maksatnamalarynda şäherleriň ösüşi bilen birlikde, sebitleriň ösüşine-de aýratyn orun berilýär. Ýurduň senagat taýdan ösüşini güýçlendirmek, ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak meselesi elmydama ileri tutular. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ykdysady taýdan dünýäniň iň güýçli döwletleriniň biri hökmünde tanalmagyna ýardam eder.

Saýlawçylar ynam bildiren ýagdaýynda geljekde milli demokratiýamyzyň esaslaryna, jemgyýetiň agzybirligine, medeni we ruhy gymmatlyklara bil baglap, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan milli ykdysadyýeti ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigime ynandyrýaryn.

Watanymyzyň gülläp ösüşini kepillendirýän düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, onuň halkara abraýyny artdyrmak, gadymy türkmen topragyny has-da gülledip ösdürmek üçin halk bilen egin-egne berip zähmet çekeris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar