Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen teleýaýlymlaryny onlaýn görnüşde nädip görüp bolýar

0
47818

Bilşimiz ýaly, sanly ykdysadyýetiň ösmegi netijesinde sanly hyzmatlaryň görnüşleri gün-günden artýar. Makalamyzyň bu sanynda türkmen teleýaýlymlaryny islendik ýerde islendik ykjam enjamyň we kompýuteriň kömegi bilen onlaýn görnüşde nädip görüp bolýandygy barada size gürrüň bermegi makul bildik.

Türkmen teleýaýlymlaryna onlaýn tertipde birnäçe görnüşde tomaşa edip bilersiňiz.

Onlaýn tertipde teleýaýlymlary görmek üçin ortaça tizlikli internet ýeterlidir. Elbetde, ýaýlymlara tomaşa edeniňizde mobil internet bolsa pul balansyňyzdan alynar, öý ýa-da iş interneti bolsa nyrhnamaňyzyň daşyndan artykmaç pul alynmaz.

1. “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Mobile TV” mobil goşundysy

Eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu hyzmat “Tmcell” ÝGPJ tarapyndan müşderilerine hödürlenýär. Hyzmatdan peýdalanmak üçin “PlayMarket” “Mobile TV” mobil goşundysyny almak ýeterli.

Hyzmatyň 1 aý üçin bahasy 10 manat. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ykjam enjamyňyz 4G LTE tehnologiýasyny goldaýan bolmaly we teleýaýlymlary gören wagtyňyz enjamyňyz 4G LTE toruna birikdirilen bolmaly.

Hyzmaty birikdirmek üçin telefonuňyzdan *0809*2*10*1# aýlamaly.

Näçe wagt, näçe göwrümde teleýaýlymlary görseňiz hem hyzmatyň daşyndan artykmaç pul alynmaýar.

Türkmen teleýaýlymlaryna goşundynyň üsti bilen islendik wagt tomaşa etmek mümkin. Doly maglumaty şu salgy boýunça alyp bilersiňiz.

2. “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň resmi web-saýty

“Türkmentelekom” EAK-yň telecom.tm atly resmi web-saýtynyň “Media” menýusynda “Online TV” atly bölüm bar. Şol bölümiň üsti bilen türkmen teleýaýlymlaryna günüň islendik wagty ykjam enjamyň ýa-da kompýuteriň üsti bilen tomaşa edip bolýar. Internediň zerur bolup durýandygyny ýatlatmak möhümdir.

Eger teleýaýlymlary mobil internetiň üsti bilen görseňiz, onda hasabyňyzdan pul alnar (nyrhnamaňyza laýyklykda), öýlere we iş ýerlere birikdirilýän internetiň (nyrhnamaňyza laýyklykda) üsti bilen görseňiz, onda nyrhnamaňyzdan daşary artykmaç pul alynmaz.

“Online TV” funksiýasyndan şu salgy boýunça geçip peýdalanyp bilersiňiz.

3. turkmentv.gov.tm resmi web-saýty

Saýtyň baş sahypasynda “Göni ýaýlym” atly menýu bar. Bu menýunyň içine girip, teleýaýlymlara onlaýn görnüşde internetiň üsti bilen tomaşa edip bilersiňiz.

Eger teleýaýlymlary mobil internetiň üsti bilen görseňiz, onda hasabyňyzdan pul alnar (nyrhnamaňyza laýyklykda), öýlere we iş ýerlere birikdirilýän internetiň (nyrhnamaňyza laýyklykda) üsti bilen görseňiz, onda nyrhnamaňyzdan daşary artykmaç pul alynmaz. Şu salgy boýunça tomaşa edip bilersiňiz.

4. “Türkmen TV” mobil goşundysy

Hyzmatdan peýdalanmak üçin “PlayMarket” ýa-da “AppStore”-dan “Turkmen TV” mobil goşundysyny almak ýeterli.

Hyzmat mobil internet şeýle-de öýlere we iş ýerlere birikdirilýän internetiň üsti bilen işleýär. Türkmen teleýaýlymlaryna goşundynyň üsti bilen islendik wagt tomaşa etmek mümkin.

Teleýaýlymlara onlaýn şekilde tomaşa etmegiň amatly taraplary:

  • Günüň islendik wagtynda tomaşa edip bilmek.
  • Telewizoryň zerur däl bolmagy.
  • Ykjam we amatly.

Türkmen teleýaýlymlaryna başga haýsy saýtlaryň ýa-da haýsy goşundylaryň üsti bilen tomaşa edip bolýar? Biz bilen paýlaşyň, biz bolsa okyjylarymyza ýetireli.

 

Şeýle-de okaň:

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar