Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda peýdaly mobil goşundylaryň sanawy

0
27789

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösmeginiň çäklerinde, raýatlar üçin peýdaly boljak dürli görnüşli mobil goşundylary taýýarlanylýar we halka hödürlenýär. Raýatlarymyz olardan işjeň peýdalanýar. Makalamyzyň bu gezekki sanynda, Türkmenistanda iň peýdaly mobil goşundylarynyň gysgaça sanawyny taýýarladyk we olar bilen sizi tanyşdyrmagy makul bildik.

1. “PÝGG”

Indi Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy üçin jerimeleri tölemäge artykmaç wagt sarp etmegiň geregi ýok. Munuň üçin “Google Play”-den “PÝGG” atly goşundyny ýükläp, ony mobil telefona gurnamak ýeterlikdir.

Bu goşundy Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerini onlaýn tölemek üçin ýörite döredildi.

Programmada sürüji we ulag barada ähli maglumatlar görkezilýär. Tölegiň kwitansiýasy mobil telefona SMS habary hökmünde gelýär.

2. “Şäherara bilet”

“Şäherara bilet” − Türkmenistanyň şäherleriniň arasyndaky awtobus gatnawlary üçin biletleri onlaýn, öýden çykman almak üçin niýetlenen goşundy. Goşundyny peýdalanyp, kassasyz we nobatsyz hem-de islendik ugurlar boýunça şäherara gatnawlarynyň biletlerini satyn alyp bilersiňiz.

3. “Türkmen teatrlary”

“Türkmen teatrlary” - Türkmenistanyň ähli teatrlarynyň we Döwlet sirkiniň peteklerini onlaýn satyn almak ulgamy. Goşundy hem “Google Play”, hem “AppStore”-da ýerleşdirilen. Goşundynyň kömegi bilen ýurdumyzyň islendik teatrlarynyň repertuarlary, oýunlar, oýunlaryň beýany ýaly maglumatlar bilen tanyşyp bilersiňiz, şeýle hem petekleri, oturjak ýeriňizi onlaýn görnüşde satyn alyp bilersiňiz.

4. “TTBilim”

“TTBilim” - ilkinji onlaýn okuw gollanmasy. “TTBilim” goşundysynyň üsti bilen tiz wagtda ulanyjylar öz bilimlerini bu platformanyň beýleki agzalary bilen paýlaşyp bilerler.

“TTBilim” goşundysy türkmen dilinde dürli temalar boýunça dürli peýdaly maglumatlary, prezentasiýalary, kitaplary, şeýle hem hukuk maglumatlaryny (kodeksleri, kanunlary), kazyýet tejribesini, geňeşmeleri, hukuk, maliýe, ykdysadyýet, buhgalteriýa we başga-da onlarça hünär ugurlaryna degişli okuw gollanmalaryny öz içine alýar.

“TTBilim” hem talyplar, hem mugallymlar we islendik bilim bilen gyzyklanýan adamlar üçin peýdaly goşundy. Bu ýerden islendik ders we islendik tema boýunça maglumatlary tapyp bilersiňiz.

“TTBilim” platformasy web-saýt görnüşinde hem elýeterlidir.

5. “Belet Video”

“Belet Video” goşundysy özünde dürli görnüşli, dürli temadaky wideo görnüşlerini jemleýär. Bu ýerde ulanyjylar öz ýaýlymlaryny döredip, dürli wideolar bilen paýlaşyp we görüp bilerler. “YouTube”-niň analogy diýsek ýalňyşmarys.

6. “Belet Film”

Filmler, multfilmler, teleseriallar, çeper filmler we dokumental filmler - her kim bu ýerde özi üçin gyzykly maglumat tapyp biler. “Belet Film” mobil goşundysy bilen ýolda ýa-da iş arakesmesinde elmydama tomaşa etmäge zadyňyz bolar. Filmleriň katalogy yzygiderli täzelenip, goşulyp durulýar. Goşundynyň web-saýt görnüşi hem bardyr.

7. “Аптека Boý Bodron” (Dermanhana Boý Bodron) 

“Boý Bodron” dermanhanasynyň müşderileri üçin taýýarlan ýörite mobil goşundysy. Bu goşundynyň üsti bilen dermanhanada dermanlaryň sanawy, bahasy, olar barada maglumatlar bilen tanyşmak bolar. Şeýle hem, goşundynyň üsti bilen derman satyn alyp, sargap bolýar. Eltip bermek hyzmaty hem göz öňünde tutulan.

8. "Чапар" (“Çapar”)

“Türkmenpoçta” kompaniýasynyň taýýarlan goşundysy onlaýn görnüşde çapar çagyrmaga, sargytlaryň, iberilen ýükleriň statusyny görmäge, çapar barada maglumat almaga niýetlenen. Ýurdumyzyň islendik ýerine ýükleri, hatlary ibermäge amatly goşundy.

9. “Taxi hyzmaty”

Tiz wagtda onlaýn görnüşde taksi çagyrmak üçin niýetlenen. Taksi çagyran wagtyňyz, taksiniň kartada hereket edýän ugruny, awtoulagy görmäge mümkinçiligiňiz bar. Öňünden ugur üçin hasaplanan töleg, dispetçere jaň etmek zerurlygy ýok, amatly we tiz.

Ýokarda beýan edilen goşundylaryň ählisini “Google Play”-den almak bolar, olaryň käbirleri “AppStore”-da hem ýerleşdirilen.

Siz haýsy goşundydan peýdalanýarsyňyz? Biz bilen paýlaşyň, biz hem okyjylarymyza ýetireliň.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar