Tehnologiýa nädip akyllandy

0
66735

Öý-hojalyk enjamlarynyň, has takygy öý “kömekçileriniň” oýlanyp tapylmagy XX asyryň ýaşaýjysynyň durmuşyny ep-esli derejede ýeňilleşdirdi. Kir ýuwujy maşynlar, mikrotolkunly peçler, şeýle-de tozan sorujylar we beýleki öý enjamlary gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

XXI asyr hojalyk enjamlarynyň ozalkylar bilen deňeşdirilende “has akylly” häsiýete eýe bolmagy bilen tapawutlandy. Indi olar diňe bir bellenen işleri ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem öý eýesi üçin diňe zerur bolan düwmeleri basyp, işiň netijesine garaşmak mümkinçiligini döretdi.

Häzirki wagtda “akylly” öý-hojalyk enjamlarynyň dürli hilli täze görnüşleri Türkmenistanyň raýatlary üçin hem elýeter boldy. Bu enjamlaryň ýokary hilli görnüşlerini “LG” kompaniýasynyň resmi dilleri bolan “Tm LG Gurtly” hojalyk harytlary dükanyndan islendik wagt tapmak bolýar. Dükanda adamlaryň işini has ýeňilleşdirip, azyk önümleriň terligini üpjün etmäge, egin-eşikleriň ýakymly mylaýymlygyny saklamaga ýardam etjek häzirki zaman öý-hojalyk enjamlary alyjylara ýetirilýär.

Şu sandaky makalamyzda döwrebap hojalyk enjamlarynda ulanylýan akylly tilsimatlaryň käbirlerine göz aýlarys.

Kir ýuwujy maşynlar

Gündelik öý işlerini kir ýuwujy maşynlar hem ep-esli ýeňilleşdirýär diýilse has dogry bolar. Bu kir maşynlarynyň “akylly” aýratynlygy ähli matalary ýokary hilde ýuwmaga, olaryň könelmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýänligi bilen bagly. Muňa mysal hökmünde “LG” kir ýuwujy maşynlaryndaky “akylly” AI DD ulgamyny aýdyp bileris. Ol diňe bir matanyň özboluşlylygyny — agramyny we ýumşaklyk derejesini däl-de, ýüküň deprekde nähili paýlanjakdygyny hem kesgitleýär. LG Turbo Wash 360 “tiz ýuwuş” ulgamy bolsa egin eşikleri 40 minutdan hem az wagtda ýuwmaga ukyplydyr. Munda garaşylýan netije “3D Multispray” ýuwujy serişdesi bilen ýörite ezmek arkaly gazanylýar. Kir maşynyň depregindäki egin eşiklere basyş bilen hem-de dürli burçlardan ýetýän suw netijede matanyň süýümlerine has gowy aralaşýar.

Sowadyjylar

Sowadyjy tiz zaýalanýan iýmitleri doňdurmak we saklamak üçin döredilipdi, emma onda-da bu enjam iýmitiň terligini we tagamyny üýtgewsiz saklap bilmeýärdi. Häzirki döwürde bolsa bu wezipeler sowadyjynyň onlarça aýratynlyklary bilen üpjün edildi. Häzirki “akylly” sowadyjylar diňe bir iýmitiň çalt zaýalanmagynyň däl, eýsem onuň peýdaly häsiýetleriniň we tagamynyň üýtgemeginiň hem öňüni alýar.

Geçen asyrda sowadyjylaryň buzuny wagtly-wagtyna birnäçe sagatlap eretmelidi. Bu günki günde sowadyjylaryň aglabasy “No frost” ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, doňduryjyda buz döretmezden sowadyjynyň ähli ýerinde howanyň aýlanmagyny sazlaýar.

Öýde ýok mahalymyzda sowadyjy işledilende energiýany tygşytlamaga onuň “Dynç alyş” režimi mümkinçilik berýär. Elektronika sowadyjy bölekdäki temperaturany ýokarlandyrmak bilen, ony doňduryjyda hem hemişe kadaly saklaýar. Munda energiýa sarp edilişi tygşytlanýar hem-de uzak wagtlap durmakdan döreýän ys ýüze çykyp bilmeýär.

XXI asyrda sowadyjylar ençeme kilometrlerden dolandyrmak şerti ýaly has “akylly” häsiýete eýe boldular. Sowadyjynyň smartfon ýa-da planşet arkaly uzakdan dolandyrylmak funksiýasynyň ýüze çykmagy onuň ýagdaýyna gözegçilik etmegi we näsazlyk ýüze çykan halatynda ýakymsyz netijeleriň öňüni almagy ýeňilleşdirdi. Uzakdan dolandyrylýan sowadyjy öý eýesine näsazlygyň dörändigini ýa-da onuň gapysynyň berk ýapylmandygyny duýdurmagy başarýar.

“Samsung” kompaniýasynyň sowadyjylary Wi-Fi ulgamyna birikmäge ukyplydyr. Şonuň esasynda smartfon ýa-da planşet arkaly sowadyjyda islendik temperatura režimini düzmek, ýokary derejedäki sowuklykdan we beýleki özboluşly aýratynlyklardan peýdalanmak mümkindir. Gapysynda planşet görnüşli ekran ýerleşdirilen sowadyjy sowatmak funksiýasyndan başga ähli zady edil planşet ýaly ýerine ýetirmäge ukyplydyr: onda howa maglumatyny ýa-da täzelikleri görmek, önümleriň sanawyny düzüp, olary internet arkaly onlaýn sargyt etmek ýaly şertler bar. “Samsung” sowadyjylarynyň gapysyndaky suw dispenseri häzirki wagtda diňe bir sowadylan däl-de, eýsem gazlandyrylan suw bilen üpjün etmek wezipesine hem eýe boldy.

“Door-in-Door” funksiýasy bolan “LG” sowadyjylary gapyny açmazdan onuň içindäki zatlary görmäge mümkinçilik berýär, munuň üçin onuň daş ýüzüni kakyp, gapyny aňrysy görünýän görnüşe getirip bolýar.

Ütükler

Ozal egin eşikleridir matalary ütüklemek üçin birgiden iş gerekdi, ýagny ütügiň kömür bilen gyzdyrylmagy, ýüpek, pagta we zygyr önümleri ütüklemegi ýeňilleşdirmek üçin çygly mata ulanylýardy. Häzirki döwürde bolsa döwrebap ütükleriň ählisi termostatlar we bug bermek funksiýasy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Bug adaty usulda ýa-da “bug urgusy” usuly görnüşinde bolýar. Ikinji usulda basyş astyndaky güýçli bug urgulary köpden bäri duran epinleri ýazmaga, galyň hem oňaýsyz matalary-da göwnejaý tekizlemäge mümkinçilik berýär. Ütükleriň bug dörediji ulgamy, adatça ony wagtal-wagtal arassalap durmagy talap edýärdi, bu gün bolsa arassalamak babatda “akylly” ütükler suwuň esasynda öz-özüni arassalaýyş ulgamlaryna eýedir.

“LG” ýa-da “Samsung” kompaniýalarynyň ütüklerinde hem dikleýin bug bermek funksiýasy bar. Mundan başga-da, täze ütüklerde ýangynyň döremeginiň öňüni alýan käbir funksiýalar göz öňüne tutulandyr. Mysal üçin, ütügiň tekiz ýüzi ýere bolsa, onda 30 sekuntdan, eger ütük dikeldilip goýlan bolsa, onda ol 10 minut töweregi wagtdan awtomatik öçýär. Wagtly-wagtyna zarýadlandyrylýan akkumulýatorly simsiz ütükler hem özboluşly üns çekijidir. Olary ulanmakda adaty ütükde epinini ýazmasy kyn bolan ýerleri ütüklemek, şeýle-de ütük edilýän tagtasyny energiýa çeşmesiniň ýok ýerlerinde gurnamak şerti döreýär.

Mikrotolkunly peçler

Döwrebap mikrotolkunly peçlerde diňe nahar ýyladylmaýar, olary ýerlikli ulanmagyň köp usuly bar: gril — et gowurmak we konweksiýa, “gril+konweksiýa” režimi esasynda nahar deň derejede bişirilýär. Mikrotolkunly peçiň elektronik taýýarlanyp goýulmagy onuň görkezilen wagtda işläp başlamagyny ýola goýýar. Munuň esasynda işden gelen badymyza ýa-da ertirlik edinip ýetişmeýän wagtymyz dessine gyzgyn nahar iýip bilýäris.

Häzirki zaman mikrotolkunly peçlerde öý hojalykçy aýal-gyzlaryň nahar bişirmek üçin birnäçe sagat wagty sarp etmezligi nazara alnyp, giň şertler döredildi. Munuň üçin häzirki peçlerde iki sany “akylly” usul ulanylýar: pirolitik — munda pejiň diwarlary 500-600 gradus dereje gyzdyrylýar, kirler kül bolup ýakylýar, soň bolsa süpürgiç bilen tämizlenilýär; katalitik usuly — şeýle mikrotolkunly peçlerdäki diwarlar ýörite katalitik kompozisiýa bilen örtülendir. Olara ýag düşende, katalizator bilen reaksiýa döredýär, soňra ol gyzýan suwda, kömürturşy gazynda we organiki galyndylarda dargaýar. Bu usul diňe ýagly hapalar üçin bolup, ol süýdüň, şekeriň, gök önümleriň we miweleriň suwlarynyň dökülmegine garşy peýdaly däldir.

Iýmitiň agramynyň datçigi nahary gyzdyrmagyň wagtyny sazlamaga ýardam berýär. Gyzdyryjy enjamy çagalardan aýawly saklamak olaryň enjama zaýalap biljek bir zady goýmaklarynyň öňüni alar. Bulardan başga-da, mikrotolkunly peçleriň ýene-de birnäçe peýdaly funksiýalary bar: energiýany tygşytlaýyş režimi, taýýarlanan nahary ýylylygyna saklamak, naharyň ýeterlik dereje gyzandygyny signal arkaly duýduryşy ýa-da eti beýleki tarapyna öwürmegiň zerurdygyny görkezmegi we beýlekiler.

“Akylly” öý-hojalyk enjamlarynyň döwrebap görnüşleri indi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin hem elýeterlidir. Öý işleriňize ýardam etjek “akylly kömekçileri” “LG” kompaniýasynyň resmi paýlaýjysy bolan “Tm LG Gurtly” öý-hojalyk enjamlarynyň dükanyna ýüz tutup, islendik wagt satyn alyp bilersiňiz.

Bu enjamlaryň ählisini “Tm LG Gurtly” hojalyk harytlary dükanyndan tapmak bolýar. Harytlaryň köpdürli görnüşlerde hödürlenmegi alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Satyn alnan harydyň tölegini nagt we bank kartlary arkaly, şeýle-de nagt däl esasda töläp bolýar. Şeýle hem dükan Aşgabat şäherine we welaýatlara harytlary mugt eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär. Belläp geçsek, dükandaky Russiýada öndürilen ähli önümleriň hili kepillendirilýändir. Harytlaryň giň gerimi bilen tanyşmak üçin şu salga basyň. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar