Adam ömrüniň ortaça üçden bir bölegini ukuda geçirýär. Şonuň üçin ýatylýan otag öý mebelleri möhüm ähmiýete eýedir. Ýatylýan otag diňe bir ýatmak üçin ýer bolman, eýsem agyr günden soň bedeniňize we ruhuňyza dynç berip bijek ýaraşygyň, rahatlygyň we dynç almagyň çägi bolup durýar.
Ýatylýan otagy dürli usullar bilen bezäp bilersiňiz. Däp-dessurlary halaýanlar üçin nusgawy (klassyky) stil ajaýyp bolar: başujynda beýik tagtasy bolan uly krowat, tutawaçly agyr galyň tutular, köp agaç we tebigy bezeg daşy, ýumşak yşyklandyryş. Reňk aralygy – pastel tonlaryndan başlap, goýy gyzyl, gök, ýaşyl we ş.m. Klassikany halaýanlar “Dogtaş Exclusive” kompaniýasynda ýatylýan otag üçin köp sanly matras we beýleki aksessuarlary saýlap biler.
“Prowans” stili tebigy, ýöne ýeňil materiallaryň agdyklyk etmegi bilen tapawutlanýar: agaç, nah matalar, ýaşyl, gök, benewşe, gülgüne reňkleriniň solan tonlary. Printleriň arasynda gül nagyşlary ileri tutulýar. Mebeller – ýa hakyky wintaž, ýa-da “gadymy” äheňde ýasalan bolmaly. “Dogtaş Exclusive” kompaniýasynyň mebelleri otagyňyzyň içini amatly fransuz prowans stilinde bezemäge kömek eder.
Iň amaly stil – minimalizm. Mebellerden, adatça, rahat we bezeg elementleri bolmadyk krowat, şkaf-kupe, bir ýa-da iki krowat ýanynda durýan tumboçka goýulýar. Reňk shemasy aňryçäk iki ton, kontrast ýa-da meňzeş reňkde iň köp iki äheňde saklanýar. Şeýle hem bu stil printleriň – halylaryň, tutularyň, bir reňkli örtükleriň ýoklugy bilen tapawutlanýar. “Dogtaş Exclusive” kompaniýasynda öýüňizi minimalistik stilde bezemek üçin zerur zatlar bardyr.
Emma haýsy stili saýlasaňyz-da, ýerine ýetirilmegi maslahat berilýän birnäçe ýatylýan otagy bezemegiň ýörelgeleri bar. Iki adamlyk krowat elmydama diwara başujy bilen ýerleşdirilýär, emma bir adamlyk krowady diwaryň ýanynda gyrada ýerleşdirip bolar. Ýatan ýeriňizi göni ýatylýan otagyň gapysynyň öňünde goýmaň.
Uly bolmadyk ýatylýan otagy minimalist stilde bezemek amatlydyr, şeýdip ony mebel we bezeg bilen artykmaç ýüklemek mümkin bolmaz, ýöne boş otagda stil bilen “oýnamak” üçin has köp mümkinçilik bar.
Şeýle-de bolsa, ýatylýan otagdaky esasy zat, oňaýly başujy we matrasy, zatlary saklamak üçin gutusy bolan krowatdyr. Şeýle krowatlary “Dogtaş Exclusive” kompaniýasynyň mebel salonyndan satyn alyp bilersiňiz. Iki adamlyk we bir adamlyk krowatlaryň giň görnüşi, islendik ululykdaky we stildäki ýatylýan otagda ýerleşdirmäge mümkinçilik berer. Bar bolan ähli krowatlar eşikleri saklamak üçin uly gutular bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa şkafda boş ýeri boşatmaga kömek eder.
Dükan krowatlardan başga-da, öňdebaryjy öndürijilerden matras, ýorgan, ýassyk we ýorgan-düşek toplumlaryny hödürleýär.
“Dogtaş” görnüşliliginde diňe krowat bolman, eýsem her dürli mebel görnüşleri – ýatylýan otag üçin, tumbalar we komodlar, nahar stollary we oturgyçlar, žurnal stollary, kitap şkaflary, aşhana we naharhana otaglary üçin mebel, geýim stoljagazy we başgalar bar. Ähli mebel Türkiýede öndürilip, iň ýokary hilli we nepis, ýöne çylşyrymly däk dizaýn bilen tapawutlanýar.
“Dogtaş” brendiniň mebelleri Türkiýäniň çäklerinden daşarda meşhur bolup, söwda dükanlary Russiýa, Gazagystan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly köp sanly ýurtlarda bar. Brendiň taryhy 70 ýyldan gowrak dowam edýär. Öndüriji ähli önümler üçin 7 ýyl kepillik berýär. “Dogtaş” markasynyň kolleksiýalary bilen şu aşakdaky salgylanmadan has giňişleýin tanşyp bilersiňiz.