Häzirki zaman adamyň boş wagtyny kino görmän geçirmegini göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Kinolaryň sanynyň ummasyzdygy olara tomaşa etmek üçin hiç bir päsgelçilik döretmeýär. Kimdir biri komediýany, başga biri taryhy dramany, ýene biri bolsa söweşjeň žanrly kinolary halaýar. Kinematografiýa özüniň bir asyrdan gowrak taryhynyň dowamynda kino söýüjilere islendik žanra degişli millionlarça filmleri sowgat etdi.
Tehnologiýanyň ösmegi bilen kinofilmleriň elýeterliligi has-da artýar. Soňky onýyllygyň dowamynda internetiň mümkinçilikleriniň artmagy bilen kinofilmlere tomaşa etmek üçin kinoteartlara gitmek ýa-da disk satyn almak zerurlygy aradan aýryldy. Munuň üçin interneti güýçlendirip, öý şertlerinde onlaýn teatryna ýa-da wideoholdinge birikmek ýeterlikdir.
Filmlere onlaýn görnüşde tomaşa etmegiň artykmaçlyklary kändir. Ilkinji nobatda ol onlaýn kinoteatrlaryň tölegsizligidir. Örän seýrek ýagdaýlarda munuň üçin ujypsyzja abonent tölegi talap edilýär.
Ikinjiden, isleýän filmiňe tomaşa etmek üçin kinoteatra gitmek ýa-da diski satyn almak zerurlygy döremeýär.
Üçünjiden bolsa, gerek bolan film ulgamdan gözlenip tapylansoň, ony ýükläp almak üçin wagt sarp edilmeýär.
Dördünji artykmaçlyk hem filmlere tomaşa etmek üçin amatly wagty, olara soňuna çenli tomaşa etmegi ýa-da bölekleýin görmegi özüňiziň saýlaýanlygyňyzdyr.
Onlaýn kinoteatrlarynyň kino gorunyň ýetikligi kinosöýüjileriň dürli žanrly filmlere tomaşa etmäge bolan islegini kanagatlandyrýar. Kinoteatrlaryň bütindünýä torunda filmler žanrlar bilen birlikde, tomaşaçylaryň ýaş aýratynlygy esasynda hem toparlara bölünýär. Olaryň arasynda has kiçi ýaşly çagalara niýetlenilen filmlere hem duş gelmek bolýar. Birnäçe wideoholdingler bolsa onlarça ýyl ozal, kinematografiýanyň ilkinji synanyşygy hökmünde surata düşürilen filmleri hem kinosöýüjileriň dykgatyna ýetirýär.
Mundan başga-da, onlaýn kinoteatrlarynda filmleriň tomaşaçylaryň ýaş aýratynlygy boýunça toparlara bölünmegi gözleg işini çaltlaşdyrýar. Häzirki döwürde, pandemiýa bilen bagly ýagdaýlary nazara alyp, kinofilmlere öz şertlerinde tomaşa etmek kinosöýüjileriň howpsuzlygyny üpjün edýär.
Internetiň türkmen ulanyjylary üçin hem filmlere onlaýn görnüşinde tomaşa etmek mümkinçiligi elýeterlidir. Munuň üçin ýörite «Türkmentelekom» bilen bilelikde onlaýn kinoteatr ― «Beletfilm» döredildi. Bu onlaýn kinoteatr filmleri, seriallary, multfilmleri we teleşowlary özünde jemleýär. Şeýle hem bu ýerde türkmen kinematografiýasynyň taryhynda uly yz galdyran filmlere tomaşa etmek bolýar. Häzirki wagtda «Beletfilm» onlaýn kinoteatrynyň mediatekasynda 10 müňden gowrak faýllar saklanýar.
«Beletfilm» tarapyndan hödürlenilýän hyzmatyň tölegi bir aýda 30 manada deň bolup, ol maşgalanyň her bir agzasyna birek-birege garaşsyz 8 mb/s tizlikde filmlere tomaşa etmek mümkinçilik döredýär. Bu hyzmat Android we iOS ulgamlarynda, şeýle hem web görnüşinde elýeterlidir. Ýakynda «Beletfilm» öz mediatekasyny täze multfilmler, seriallar, teleşowlar we kinolar bilen baýlaşdyrdy. Şeýle hem hyzmata intellektual gözleg ulgamy ornaşdyryldy.
«Beletfilm» hyzmatyna birikmek «Türkmentelekom» abonentiniň şahsy otagynda ýa-da kompaniýanyň abonent bölüminde amala aşyrylýar.
Öý şertlerinde kinofilmlere, seriallara, multfilmlere we teleşowlara tomaşa edip lezzet almak üçin sylka giriň.