Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň ak ýoly – rysgal-bereket gory

0
3540

Ak şäherimiz Aşgabadyň çar ýana uzaýan gara ýollary, demirýollary, howaýollary paýtagtymyzyň 140 ýaşynyň ähli döwürlerinde-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan galkynyşyna özüniň oňyn täsirini ýetiripdir.

Taryhy nukdaýnazara ser salamyzda, 1881-nji ýylda dörän Aşgabat şäheri esaslandyrylanyndan dört ýarym ýyl soň – 1885-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Zakaspi demir ýolunyň bu ýere gelmegi bilen, paýtagtymyzyň ilkinji ulag ýoly demir ýoly bolupdyr.  Hut şu nukdaýnazardan-da, 1888-nji ýylda Aşgabatda ýolagçy demir ýol menziliniň jaýy gurlupdyr.Ýöne bu jaý 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesi zerarly weýran bolupdyr.

1950-nji ýylda öňki ýolagçy demir ýol menziliniň ýerinde täze ýolagçy demir ýol menzili  guruldy.  1945-nji ýyldan başlap parowozlar teplowozlar bilen çalşyrylyp başlandy. Aşgabatda teplowoz deposy guruldy. 2006‑njy ýylyň fewral aýynda Aşgabat – Garagum – Daşoguz (560 km) aralyga demir ýol iki tarapdan gurlup,ulanylmaga berildi. Çöllügiň içinden çekilen bu ýol ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty bilen ykdysady gatnaşyklary has hem artdyrmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi ýük we ýolagçy gatnatmaklykda hiç-hili bökdençligiň bolmazlygyny üpjün edýär. Köne ýoldan täze ýol 700 kilometre golaýdyr. Şonuň üçin bu ýolda ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak arzan we wagty tygşytlaýar.

Aşgabadyň 1950-nji ýylda gurlan ýolagçy demir ýol menziliniň binasynyň durky häzirkizaman binagärliginiň ösen talaplaryna laýyklykda 2009-njy ýylda täzelendi. Aşgabadyň ýolagçy demir ýol menzili ak mermer bilen örtüldi.

1958-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Awtomobil transporty ministrligi döredildi. Şondan soň Awtomobil parky has artyp başlady. Paýtagtymyz Aşgabatda 1965-nji ýyldan başlap trolleýbus gatnawy ýola goýuldy. 1960 – 1970-nji ýyllar aralygynda Aşgabat – Serdar – Bereket – Gumdag, Aşgabat – Tejen –Mary, Türkmenabat – Atamyrat ýollar guruldy.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap paýtagtymyzdan welaýat merkezlerine dünýä derejesine laýyk gelýän täze ýollar çekilip başlandy. Bu işe ýerli we daşary ýurt maýasy giňden çekildi. Mysal ücin, Türkmenabat – Aşgabat –  Türkmenbaşy aralygyna çekilýän awtomobil ýol Yslam ösüş bankynyň we Kuweýt bankynyň beren serişdeleriniň hasabyna amala aşyryldy.  Ýurdumyzda awtomobil ýollary dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen 2004-nji ýylyň sentýabr aýynyň 12-sine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň açylyş dabarasy boldy. Arçabil şaýoly Aşgabatdaky ýokary tizlikli uly ýoluň halkara ülňüleri boýunça birinji tehniki derejeli ýollarynyň ilkinjisi hasaplanylýar. Taslamany ýerine ýetirijilere nemes bilermenleri tarapyndan hil baradaky «RUHR-UNIVERSITI BOCHUM» şahadatnamasynyň berilmegi doly şaýatlyk edýär. Uzynlygy 14,35 kilometre deň bolan bu ýoluň arasy zolak bilen bölünip, ulag üçin niýetlenilen bölekleriň ini 35 metrdir. Türkmenistanyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni Eýranyň «Dobral Ko» firmasy bilen ylalaşygy esasynda Aşgabat-Arçman aralygyndaky ýokary tizlikli awtoulag ýoly 2005-nji ýylda işe girizildi. 2010-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Aşgabat–Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň Arçman–Türkmenbaşy böleginiň ugrunda 31 köpri, Aşgabat-Mary awtomobil ýolunyň Änew–Mary böleginiň ugrunda 30 köpri, Türkmenabat–Farap awtomobil ýolunyň ugrunda 20 köpri, Aşgabat–Garagum–Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda 9 köpri, jemi 90 köpri gurlup ulanylmaga berildi. 2011-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän Çandybil şaýoly açylyp, ulanylmaga berildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýolagçylara hyzmat etmeklik üçin ähli şertler döredilen döwrebap halkara ýolagçy awtomenzili gurlup, 2014 ýylda işe girizildi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, strategiýa taýdan möhüm ýokary tizlikli ýol 2019-njy ýylyň ýanwaryndan 2023-nji ýylyň dekabry aralygynda üç tapgyrda: Aşgabat – Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabryna, Tejen – Mary aralygy – 2022-nji ýylyň dekabryna, Mary – Türkmenabat bölegi – 2023-nji ýylyň dekabryna gurlar.

Aşgabat şäherinde ilkinji howa menzili 1932-nji ýylda gurlupdyr. 1934-nji ýylyň ahyrynda bolsa biri PO-2 uçarlaryndan, beýlekisi bolsa halk hojalyk ýüklerini daşamak üçin dört orunly TB-3 uçarlaryndan ybarat iki sany awiabölüm döredildi. 1934-nji ýyldan başlap PO-2 uçarlaryň kömegi bilen Kükürt zawodyndan (Derweze) kükürt daşalyp başlandy.

1944-nji ýylda Türkmenistanyň awiaparkynyň üsti ilkinji Li-2 uçarlary bilen ýetirilýär, olarda Bakunyň, Astrahanyň we Wolgogradyň üsti bilen Aşgabatdan Moskwa ýolagçylary we poçtalary gatnadypdyrlar. 1946-njy ýyldan SSSR-iň we Türkmenistanyň howa ýollarynda täze Il-12, Il-14, An-2, Ýak-12 sowet uçarlary ulanylyp başlanypdyr. 1956-njy ýylyň sentýabrynda ilkinji yzygiderli gatnawlary reaktiw raýat awiasiýasynyň ilkinjisi – Tu-114, Il-18, An-24 uçarlary peýda bolupdyr. Kuwwaty uçarlar Türkmenistany howa ýollary bilen SSSR-iň iri administratiw we medeni merkezleri, soýuz respublikalarynyň paýtagtlary, şypahana we beýleki şäherler bilen baglaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ortalarynda awiasiýada tehniki özgertmeler boldy. Uçarlarda porşenli dwigatelleriň ornuna kuwwatly hem-de ýeňil reaktiw dwigatelleri ulanylyp başlandy. TU–134, TU–154, IL-62 ýaly täze uçarlar peýda boldy.

50-nji ýyllaryň başlaryndan ýurdumyzyň halk hojalygynda dikuçarlar giňden peýdalanyp başlanýar. Awiasiýa oba hojalygynda baglar we üzümçilikler işlenende, gowaçalaryň defolýasiýasynda ulanylýar. 60-njy ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýolagçylary uzak aralyklara gatnamakda möhüm ähmiýete eýe bolýär, uçar parkynyň ýolagçy sygymlylygynyň we ýük göterijiliginiň artanlygy sebäpli, awiaulagyň täjirçilik tizligi üzül-kesil ýokarlanýar. Ulagyň köpçülekleýin görnüşi bolmak bilen, raýat howa floty daşamalaryň ýokary ösüş depginini üpjün edýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabadyň howa ulaglary ulgamy düýpli özgerdi. Ilkinji «Boing-737» uçary 1992-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen howa menzilinde gondy. Biziň ýurdumyzda ýokary amatlyklary bolan «Boing-767-300», «Boing-757-200», «Boing-737-300 ER», «Boing-717-200», «Hawker-125-1000», «Challenger-605», «Il‑76» we beýleki uçarlar bardyr. Şol sanda «Sikorskiý S-76», «Sikorskiý S-92», «Super-Puma», «Mi-8», «Mi-17-1B», kysymly dikuçarlar bardyr.Aşgabadyň üstünden dünýäniň dürli döwletleriniň uçarlary gonup geçýärler. 1994-nji ýylda özboluşly binagärlik we häzirki zaman tehniki enjamlary bolan Aşgabat howa terminalynyň täze binasy açyldy. Bu howa menzilinde ICAO-nyň ikinji kategoriýasyna laýyklykda enjamlaşdyrylan iki sany emeli uçuş-gonuş zolagy we ähli görnüşli uçarlary almaga mümkinçilik berýän perron bolupdyr.

2009-njy ýýlyň martynda «Mi-17-1B» kysymly dikuçarlaryň ikisi satyn alyndy. Olaryň ikisiniň umumy bahasy 22 million amerikan dollaryndan hem geçýär. Bularyň uçuşynyň aňyrbaşy uzaklygy 600 kilometre barabar bolup, tizligi sagatda 250 kilometre çenli artdyrmaga mümkinçiligi bardyr. Häzirki wagtda ýokary amatlyklary bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň yzygiderli satyn alnyşy barha ýokarlanýar. 2009-njy ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz «Boing-737-700» kysymly uçarlaryň 3-ni satyn almak üçin karara gol çekdi. Ýurdumyzyň uçar flotiliýasynyň sany ýyl-ýyldan barha artýar. Bu uçarlara erk edýän uçarmanlar Londonyň okuw merkeziniň tassyklan halkara merkeziniň ygtyýarnamasyna eýe boldular.

2016-njy ýylda paýtagtymyzyň keşbine täze öwüşgin çaýan täze halkara howa menzili ulanmaga berildi. Sagatda 1600 ýolagça hyzmat edýän bu howa menzili dürli görnüşdäki ýolagçy hem-de ýük gatnadýan uçarlary kabul etmek mümkinçiligine eýedir. Halkara ülňülerine laýyklykda gurlan howa menziliniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr. Onuň ýerleşýän meýdanynda 190 ululy-kiçili desga guruldy. Howa menziliniň taslamasy «ICAO 4F»  ülňülerine doly gabat gelýär. Aşgabadyň halkara howa menzili birnäçe halkara baýraklara mynasyp boldy hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Onuň esasy ýolagçy terminalyndaky türkmen halysynyň göli 705 inedördül metre barabar meýdany bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem bu howa menzili binagärçilik taslamasy boýunça «Construction Excellence Award» baýragyna, daşky keşbi hem-de häzirki zaman tehnologiýasynyň dolulygyna ornaşdyrylandygy üçin «International Star Award for Quality»  baýragyna mynasyp boldy. Bu ugurda degişli sertifikatlar gowşuryldy.

 

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. «Ylym» neşirýaty. 1992.
  2. S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  3. Türkmenistanyň ensiklopediýasy. VIII tom. «Ylym» neşirýaty. 1978.
  4. Öwez Gündogdyýewiň  Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri.  – A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005.     
  5. Kazygulyýew A. we başg.Türkmenistanyň ykdysadyýeti. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy,2013.
  6. A. Magtymow, M. Hudaýýarow. Türkmenistanyň geografiýasy. Mugallymçylyk mekdepleri üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.
  7. Aşgabat – Bagtyýarlyk döwrüniň şäheri. Fotoalbom. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.

 

 

 

 

 

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar