Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy – ynsanyň bagtly çagy

0
5347

Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy gür baglyga we ajaýyp güllere bürenen görkana görnüşi bilen bu ýere gelýän her bir ynsany özüne bendi edip, ruhuny galkyndyrýar.  Paýtagtymyzyň bu ajaýyp bagy 1929-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda döredilipdir.

Aşgabadyn Merkezi Botanika bagy her hili ösümlikleriň biologik aýratynlyklaryny öwrenmek, olaryň halk hojalygy üçin peýdalylaryny saýlap almak we täze görnüşlerini döretmek ugrunda işleýän edaradyr. Bu edarada ýurdumyzyň  halk hojalygy üçin ähmiýetli ösümlikleri köpeltmek boýunça ylmy işler alnyp barylýar.  Aşgabadyň Merkezi Botanika bagynda dünýäniň köp ýurtlaryndan getirilen dürli-dürli ösümlikler  ilkinji synagdan geçirilip, Watanymyzyň ýerli howa şertlerine uýgunlaşdyrylýar we soňra ösdürip ýetişdirmeklik üçin hojalyklara berilýär.

Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy 1930-njy ýylyň dekabr aýynda täze döredilen Türkmenistanyň Botanika institutynyň Botanika bagy diýlip atlandyrylypdyr. Türkmenistanyň Botanika instituty, 1932-nji ýylda Türkmenistanyň Ösümlikçilik instituty, 1934-nji ýylynyň fewralynda bolsa ýene-de Türkmenistanyň Botanika instituty diýlip atlandyrylypdy. 1936-njy ýylda oňa Türkmen döwlet Botanika bagy diýlip at berilýär.

1937-nji ýylda belli dendrolog K. W. Blinowuskiý tarapyndan Aşgabadyň Merkezi Botanika bagynyň taslamasy täzeden işlenilip düzülipdir.  Täze taslama laýyklykda bu bagda Ýewropa, Ortaýer deňzi, Krym, Kawkaz, Kiçi Aziýa, Gündogar Aziýa we Demirgazyk Amerika ýaly geografik meýdançalar döredilipdir. Häzir hem agaçlar şol meýdançalar boýunça ekilýär.

Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy 1941-nji ýylda SSSR YA-nyň Türkmenistan şahamçasy (filialy) açylandan soň, Biologiýa institutynyň döredilmegi üçin esas bolupdyr.

1951-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň döredilmegi bilen  Aşgabadyň Merkezi Botanika bagy özbaşdak ylmy-barlag edarasy bolup Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa bölümine degişli bolupdyr. Şol döwürde Aşgabadyň Merkezi Botanika bagynda esasan üç bölümi bolupdyr. Bu bagyň Dendrologik bölüminde dürli ýurtlardan getirilýän uly agaçlar we gyrymsy agaçlar ilkinji synagdan geçirilýär. Gülçülik bölüminde her hili güller, üçünji bölüminde bolsa ýerli ösümlikler öwrenilýär we ösdürilip ýetişdirilýär. Merkezi Botanika bagy gorag-tokaý zolaklaryny döretmek, şäherleri, obalary gür baglyga öwürmek üçin gerek bolan agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň bir müňe golaý görnüşiniň, birýyllyk we köpýyllyk gülleriň 1600 görnüşiniň, otagda ösdürilýän ösümlikleriň 1200 görnüşiniň ilkinji synagy geçirilipdir we olaryň köpüsiniň önümçilige ornaşdyrylypdyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň synag meýdançasynda Paragwaýyň we Braziliýanyň daglyk sebitlerinde ösýän rebudian stewiýasy ösdürilip ýetişdirilýär.

Tagamy boýunça onuň ýapragy stewiozidi saklaýandygy üçin gantdan 10-15 esse süýjüdir. Onuň düzümine glýukoza, stewiol we beýleki birleşmeler girýär. Stewiozid arassa görnüşde gantdan 300 esse süýjüdir hem-de ol süýjediji hökmünde giňden ulanylýar. Az kaloriýaly, şonuň üçin hem ol sag adamlar üçin gandyň ýerine, aýratyn hem berhizli, semizlikden, ýürek-damar keselinden ejir çekýänler üçin gandyň ýerine ulanylýar. Onuň öz ösýän watanynda ony çaýa ýa-da kofä goşup içýärler. Stewiýa medeni ösümlik hökmünde eýýäm 1500 ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu gymmatly ösümligi Türkmenistanda ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilikler ulydyr. Stewiýa Aşgabada Hindistandan 2012-nji ýylda getirildi we häzirki wagtda oňa alymlar Botanika bagynyň ýyladyşhana şertlerinde gözegçilik edýärler.

Ýaňy-ýakynda Aşgabadyň Botanika bagynda nobatdaky şatlykly waka boldy - äpet sogan gülledi. Äpet sogan – bu at belkem köpleri geň galdyrsa. Ol boýy 1,5-2 metre ýetýän gyrymsy çogdam gül we beýleki kösükli ösümliklerden düýpgöter tapawutlanýar. Ýöne bu soganyň äpet boýy esasy zat däl-de, onuň ýalkym saçýan ajaýyp benewşe öwüşgini. Paýtagtyň raýatlary ýeriň ýüzünden akyp barýan şol benewşe buludyň ýanynda surata düşmek üçin bu ýere ýörite gelýärler.  Äpet sogan liliýalar maşgalasyna degişli, liliýalar, çigillemler, mämişi reňkli sünbüller-giasitler we beýlekiler bu güller maşgalasyna girýär. Bu ösümligiň watany – Orta Aziýa we Eýran. Täsin reňkli gül 1956 – 1963-nji ýyllarda Aşgabada getirilipdir. Ol Köpetdagyň jülgelerinden we onuň eteklerinden, soňra-da, Köýtendagdan ýygnalan sogan kösüginden ösdürilip ýetişdirilipdir. Howa 13 – 25 gradus gyzyp ugransoň benewşe gül apreliň ortasyndan maýyň ortalaryna çenli bark urýan ysyny çar tarapa saçýar. Botanika bagynyň işgärleriniň gözegçiliginiň netijesinde onuň uly baglaryň kölgesinde ösýän wagtynda gülleri has giç solýar. Göze ýakymly benewşe älemgoşar bu baglyk adanyň görküne görk goşýar. Äpet soganyň gülleriniň käbirleri – gülgün-mämişi reňkli çogdamy bilen inçejik baldaklaryň üstünde oturdylan şaryň keşbinde haýsydyr bir nätanyş planetadan zemine uçup gelen täsin gunçany ýatladýar.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
  2. Türkmenistanyň ensiklopediýasy. VIII tom. «Ylym» neşirýaty. 1978.
  3. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/53646/asgabadyn-botanika-bagynyn-benewse-gudraty
  4. https://www.turkmenhabar.com/patagty-botanika-bagy/

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar