Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat - medeni galkynyş merkezi

0
2758

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk ýubileý toýunyň giň gerimli dabaralarynyň esasynda taryha altyn harplar bilen ýazylar. Bu şanly sene ýurdumyzyň baş şäheriniň döredilen taryhy gününden – mundan 140 ýyl ozaldan häzire çenli medeni galkynyşda ýeten belent sepgidini alamatlandyrar.

Merjen şäherimiz Aşgabat medeni galkynyş merkezi hökmünde 1924-nji ýylda tanalyp başlanýar. Çünki, şol ýylda Aşgabatda Alibek Kantemirowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda sirk sungaty –  «Jigit Alibek» atly ilkinji sirk ansambly  döredilipdir we oňa esasan türkmen atly ýigitler wekilçilik edipdir.  1928-nji ýylda  M.Tuganowyň ýolbaşçylygynda sekiz adamdan ybarat «Kawkaz daglarynda özüne çekiji» atly sirk ansambly döredilipdir. 1940-njy ýylda bolsa bu ansamlyň teatr toparyna ilkinji gezek türkmen gyzlary girizilipdir.

1944-nji ýylda Aşgabat sirkinde «Güneşli Türkmenistanyň jigitleri» ansamblyny döreden W.Galkanowyň ýolbaşçylygynda türkmen çapyksuwarlarynyň studiýasy açylypdyr. «Güneşli Türkmenistanyň jigitleri» ansambly şol döwürde Sowet Soýuzynyň şäherlerinde gidip eden çykyşlarynda elmydama üstünlik gazanypdyr.

Aşgabat sirkiniň 1924-nji ýylda gurlan ilkinji binasy 1948-nji ýyldaky ýer titremesi zerarly weýran bolupdyr. Bu weýrançylyga garamazdan, şol döwürde pagtagtymyzdaky sirk ansamlary öz işlerini Aşgabadyň açyk meýdançalarynda dowam etdiripdirler.  

1960-njy ýylyň başynda Türkmen atçylyk sirk ansamblyna Türkmenistanyň Halk artisti Döwlet Hojabaýew ýolbaşçylyk edipdir we ýylyň ahyrynda bu toparyň esasynda başga bir topar  –  «Annaýewleriň jigit ansambly» Türkmenistanyň Halk artisti Amandurdy Annaýewiň ýolbaşçylygynda döredilipdir. 1982-nji ýylda bu ansamla Batyr Annaýewiň atlylar ansambly hem goşulypdyr.

Paýtagtymyz Aşgabadyň tebigy  şertlerine laýyklykda gurlan we ýer  titremesine seýsmiki taýdan durnukly bolan Türkmenistanyň  döwlet sirkiniň  binasy,  professor  B.Wasilkowyň  ýolbaşçylygynda  türkmen alymy Annageldi    Bazarowyň 1975-nji ýyldaky ylmy   dissertasiýa   işiniň   taslamasy boýunça 1979-1984-nji  ýyllarda bina edilipdir. Aşgabat sirkiniň binasynyň taslamasy boýunça Gyrgyzystanyň   Bişkek   şäherindäki  we Täjigistanyň  Duşenbe   şäherindäki   sirkleriň binalary hem gurlupdyr.

Türkmenistanyň   Döwlet sirkiniň häzirki binasy  1985-nji  ýylda  açylypdyr.  2001-nji ýylda ýatyrylan sirk sungaty 2008-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  gaýtadan dikeldildi. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet  sirkiniň 1985-nji ýylda açylan binasynyň durky häzirki zaman binagärliginiň ösen talaplaryna laýyklykda  doly  täzelenip,  ulanylmaga  berildi.

Paýtagtymyz Aşgabatda 1926-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda  A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatry döredilipdi.  Bu teatr Merkezi Aziýada ilkinji döredilen rus teatrydyr. Teatr açylanda, onuň ýanynda teatr studiýasy hem döredilipdir. Bu teatr şol döwürde ýurdumyzyň paýtagtynyň iň köp tomaşaçyly medeni merkezine öwrülipdir. 1937-nji ýylda teatra beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň ady dakylypdyr.

A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň 1926-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda  açylan  binasy 1948-nji ýylyň ýer titremesi zerarly weýran bolupdyr. Birneme wagt geçensoň, bu teatr üçin paýtagtymyzyň Görogly köçesinde täze bina gurlupdyr. 2004-nji ýylyň fewral aýynda bolsa A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatry Magtymguly şaýolunda  ýerleşýän Aşgabat ýüpek egriji zawodyň öňki Medeniýet köşgüniň binasyna göçürildi.

Paýtagtymyzda häzirki wagtda hereket edýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň 1926-njy ýylda  açylan teatr studiýasyny  tamamlan  ýaşlaryň we çeper höwesjeňleriň güýji  bilen  Aýtjan Haldurdyýewiň  «Galyňsyz» atly  spektakly esasynda (režissýory A.Awrusin) ilkinji  teatr möwsümini 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda açypdyr. Şeýlelik bilen,  bu teatr 1926-njy ýyldan bäri A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynynyň ýanynda üç ýyllap hereket eden  ilkinji türkmen milli drama studiýasy esasynda 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda döredilen türkmen drama teatrydyr. Diýmek, A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynynyň teatr studiýasyny tamamlan uçurymlar şol wagtky  Baş drama teatrynyň ilkinji döredijilik toparynyň artistleri bolup işe başlapdyrlar.

Ilkinji türkmen drama teatry 1956-njy ýylda  akademik adyna eýe bolupdyr. Bu teatryň binasy 1958-nji ýylda binagär A.W.Tarasenko tarapyndan gurlupdyr.

Ilkinji türkmen drama teatryna 1963-nji ýylda türkmen halkynyň XIX asyr nusgawy şahyry Mollanepesiň ady dakylypdyr. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylýar we ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň  2006-njy  ýylyň 10-njy iýunyndaky 93g belgili buýrugy  bilen  «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýlip atlandyrylýar. Teatryň täze binasynyň 1000  orunlyk  tomaşaçylar zaly bolup, dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerden peýdalanyp işlemekleri üçin  amatly  şertleri döredýär.     Teatr  umumy meýdany 24 877,0 kw. metre barabar  bolan, mermer  bilen örtülen, özbaşdak administratiw binaly, gök bosket we suw  çüwdürimleri bilen abadanlaşdyrylan meýdançaly toplumdyr.

Ilkinji türkmen teatrynyň köne binasynyň häzirki zaman binagärliginiň döwrebap ösüş talaplaryna laýyklykda durky doly täzelendi we ol Mollanepes adyny saklap, talyplar teatryna öwrüldi.  Şeýlelik bilen, 2007-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry açyldy.

Paýtagtymyz Aşgabatda 1937-nji ýylda Türkmenistanda Ýaş tomaşaçylar teatry döredilipdir. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde bolup geçen pajygaly ýer titremesi sebäpli teatryň jaýy tutuşlaýyn ýykylypdyr. Şondan soň, teatr öz işini bes etdi.

1963-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat şäherinde Ýaş tomaşaçylar teatryny döretmek hakynda karar kabul edilipdir. 1964-nji ýylyň 14-nji noýabrynda şol wagtky Mollanepes adyndaky Akademiki drama teatrynyň jaýynda teatr wagtlaýyn öz işine başlapdyr. 1979-njy ýylda Ýaş tomaşaçylar teatryna artist Aman Gulmämmedowyň ady dakylypdyr. 2001-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň binýadynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatry döredildi. 2001-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen bu teatr Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry diýip atlandyryldy. 2006-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda teatr Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň ugrunda bina edilen täze jaýa göçüp bardy. Teatryň bu täze binasynyň 200 orunlyk kiçi we 800 orunlyk uly sahnalary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp işlemeklerine giňden ýardam berýär.

Paýtagtymyzda ýerleşýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry 1941-nji ýylda  «Türkmen döwlet opera we balet teatry»  ady bilen 1937-nji ýylda esaslandyrylan wokal we balet bölümleri studiýasynyň esasynda döredilipdir.

Bu teatra 1956-njy ýylda türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ady dakylypdyr we  «Magtymguly adyndaky Türkmen opera we balet teatry» diýlip atlandyrylypdyr. 2001-nji ýylyň 3-nji aprelinde Magtymguly adyndkay Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň binýadynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry döredildi. Teatryň täze binasy 2004-nji ýylda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanynda uly gümmez we ak mermer sütünler bilen nusgawy görnüşde guruldy. Teatr zaly 800 adama niýetlenendir. Birinji gatda 576 oturgyç we 224 adamlyk balkonlar bar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 48-nji jaýynda ýerleşýän binasy 1952-nji ýylda gurlupdyr. Bu bina iki gatdan ybarat bolup, onuň dört sany sergi zaly we birnäçe iş otaglary bar. Bu ýerde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berlen şekilli halylaryň 78 sanysynyň mydamalyk ekspozisiýasy sergilenendir.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň Aşgabat şäheriniň  Asudalyk köçesiniň 33-nji jaýynda ýerleşýän binasy 1963-nji ýylda gurlupdyr. Iki gatdan ybarat binanyň birinji gatda edara ediş iş otaglary bilen sergi zaly, ikinji gatynda bolsa  bir sergi zaly we ýerzemini bar. Ýylyň dowamynda 20 we ondan köp döwlet baýramçylyklary mynasybetli sergiler we suratkeşleriň şahsy döredijilik sergileri gurnalýar.

Ýurdumyzyň merkezi şäherinde ýerleşýän Türkmen döwlet gurjak teatry 1990-njy ýylyň fewral aýynda döredilip, çagalara niýetlenilip sahnalaşdyrylan oýunlary bilen döredijilik ýoluna gadam basdy. Bu teatr 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda täze bina göçüp bardy.

Paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2007-nji ýylda Mukamlar köşgi, 2010-njy ýylda. «Watan» kinokonsert merkezi bilen «Türkmenistan»  kinokonsert merkezi, 2011-nji ýylyň 29-njy iýunynda, «Aşgabat»  kinoteatry, şol ýylyň sentýabrynda bolsa «Medeniýet şäherçesi» açylyp, ulanylmaga berildi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallarynyň netijesinde ak şäherimiz Aşgabat medeni galkynyşyň halkara merkezine öwrüldi.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
  2. T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010.
  3. S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  4. Öwez Gündogdyýewiň  Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri.  – A.:TDNG. 2005.
  5. A. Babaýew. Z. Freýkin. Aşgabat. (geografiki oçerk). Türkmen döwlet neşirýaty. Aşgabat , 1957.

 

 

 

 

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar