Soňky habarlar

Arhiw

«Aýdyň Gijeler» Türkmenistandaky ilkinji tehnologiki önümçilik

0
70405

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi bilen bilelikde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti döredildi. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň biri bolup elektron enjamlarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy. Olaryň esasylarynyň biri hem yşyklandyryş ulgamlarydyr.

2017-njy ýyldan başlap dürli görnüşinde energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa, 3 W-dan 96 W-da çenli LED lampalaryň we asylýan LED potolok çyralarynyň, ýokary wattly awtomobil ýollaryny aýdyňlatma alýumin prožektorlarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Hojalyk jemgyýetiniň dürli görnüşli LED yşyklandyryjylaryň 1 milliondan gowragyny öndürmäge mümkinçiligi bardyr. Bu önümler ýokary hili, yşyklandyryş möhletiniň uzaklygy, elektrik energiýasyny tygşytlaýjylygy hem-de ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýarlar. Önümçilige gerek bolan çig malyň, ýagny polipropileniň ýurdumyzda öndürilýändigi hem bellenmäge mynasypdyr.

Şeýle hem «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylara sowgat edilýän öwrediji kompýuterleriniň önümçiligi ýola goýulyp, 2017 – 2019-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi üpjün edildi. Olar çagalar üçin howpsuz bolmak bilen, meýilnamasynda türkmen, rus we iňlis dillerini, dürli söz düzümlerini, saz amallaryny, öwrediji oýunlary, hasap maşklaryny we okuw işinde gerek bolan beýleki amallary saklaýarlar.

Bulardan başga-da, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti elektron önümleriniň täze görnüşlerini müşderilere hödürleýär.. Hojalyk jemgyýetiniň halkymyzyň arasynda iň giň ýaýran önümleri bolsa smart telewizorlardyr. Bu ýerde bir ýylda öndürüjilik kuwwaty 100 müň sany bolup durýar. Şonuň esasynda 2020-nji ýyl boýunça 32, 42 we 55 dýuým ölçegdäki «Zemin» hem-de «Tolkun» brendli smart telewizorlary jemi 10 müňden gowrak möçberde öndürilip, halkymyza elýeter bahadan hödürlendi. Şeýle-de «Älem» brendli 65 dýuýmly telewizoryň önümçiligini ýola goýuldy. Olaryň arasynda «Mylaýym» brendli split sowadyjylary, «Uçgun» brendli routerler, «Şowly» brendli monobloklar, «Teşne», brendli kulerler bar. Häzirki wagtda bu önümler ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýarlar. Ulanylmaga berilýän ýaşaýyş toplumlarynda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri ornaşdyrylýar.

Bu bolsa ýaşaýjylaryň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýar. Bu täze önüm müşderileri ýokary hilli elektron enjamlary bilen üpjün etmek işiniň mynasyp dowam etmegine ýardam bermek bilen birlikde, hojalyk jemgyýetiniň öndürijilik kuwwatynyň artmagyna hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümçiligiň depgininiň ýokarlanmagyna oňyn şertleri döreder.

Smart telewizorlar bilen bir hatarda, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ýakynda «Körpe» brendli iki SIM-kartly öýjükli telefonlaryň we «Milli» brendli smartfonlaryň önümçiligini ýola goýdy. Olar müşderilere elýeterli bahalardan hödürlenip, daşarky bazarlardan getirilýän kybapdaş önümlerden hiç bir babatda pes däldirler. Olarda Wi-Fi mümkinçiligi, ýokary durulykly ses ulgamlary we kameralar, kuwwatly ýadro, kuwwatly operasion ulgam, ykjam we berk daşky gabara hem-de öýjükli telefonlara we smartfonlara mahsus ähli aýratynlyklar göz öňünde tutulandyr. Bu telefonlar halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin hem hojalyk jemgyýetiniň işgärleri müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Mundan başga-da, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde sahamça açyp, şol şahamçanyň düzüminde elektrotehnikanyň tehnologiki merkezini döretdi. Bu merkez ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan dolandyrylyp, onuň esasy maksady ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hereket edýän edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligini «IT» (aýti) tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ýokarlandyrmak bolup durýar. Merkeziň hünärmenleri netijeli taslamalaryň gözlegleri we has netijelisiniň saýlanylyp alnynmagyndan başlap, täze çözgütleriň ornaşdyrylmagyna çenli innowasiýalary dolandyrmagyň ähli tapgyrlary boýunça iş alyp barýarlar. Tehnologiki merkeziň esasy wezipeleriniň biri hem Windows, Android we beýleki internet taslamalary üçin programma üpjünçiliklerini işläp düzmek we ornaşdyrmak bolup durýar. Häzirki günde şeýle taslamalaryň üstünde işlenilýär:

  • Müfti saýty
  • PÝGG-niň onlaýn portaly
  • Onlaýn resminama dolanyşygy boýunça taslama
  • Hojalyk hyzmatlarynyň bitewi döwlet portaly
  • Internet dükanlar we ş.m.

Bu täze merkez telekeçiligiň talaplaryny kesgitlemekden başlap, önümçilik işinde tehnologiýalaryň işlenilip düzülmegi we ornaşdyrylmagyna çenli tehnologiki innowasiýalary dolandyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alar.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň gündelik durmuşda sarp edýän serişdeleriniň we ulanýan enjamlarynyň üpjünçiligine möhüm ähmiýet berip, olaryň görnüşlerini artdyrmak we hilini yzygiderli gowulandyrmak meselelerini üns merkezinde saklaýar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem bu wezipäni mynasyp ýerine ýetirýär. Hojalyk jemgyýetiniň başarjaň hünärmenleri ýokary hilli, eksporta gönükdirilen harytlary öndürmek we halkymyzy milli önümlerimiz bilen üpjün etmek ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Şonuň üçin hem hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleri halkymyz tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalaryň kärhanalaryna, innowasion tehnologiýalaryň önümçilik merkezlerine telewizorlaryň, planşetleriň, smartfonlaryň we beýleki tehnikalaryň öndürmegiň inçe syrlaryny öwrenmek hem-de tejribelerini artdyrmak üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwyna ugradylýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda elektron önümçiliginiň ýokary görkezijileri gazanmagyna itergi berýär.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Döredilen gününden bäri «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti dünýä belli daşary ýurtly kompaniýalar bilen öz önümlerini eksport-import etmek boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Akylly enjamlaryň önümçilikleri we şol enjamlary dünýä bazaryna ýerlemek ugrunda örän uly tejribe toplanyldy. Bu bilelikdäki hyzmatdaşlyklary geljekde has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar we türkmen önümlerini dünýä çykarmak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar