Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat diýmek – näme diýmek

0
4039

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda 140 ýyllyk ýubileý toýy bellenilýän ak mermerli paýtagtymyzyň Aşgabat adynyň gelip çykyşy hakynda söhbet etmeklik diýseň ýakymlydyr. Çünki, ýurdumyzyň merkezi şäheriniň adynyň aňladýan manysy barada taryhçy alymlar biri-biriniňkä gabat gelmeýän dürli-dürli pikirleri öňe sürýärler. Ýöne, häzirki zaman ylmy jemgyýetçiligi Aşgabat şäheriniň adynyň döreýşi we onuň näme many aňladýandygy babatda Öwez Gündogdyýewiň pikirini ylmy nazaryýet taýdan dogry diýip ykrar etdi.

Taryhy maglumatlara görä, gözel paýtagtymyz Aşgabat ilki döredilende  –  1881-nji ýylda ady bilen adybir obada döredilipdir. Bu oba aýdylyşyna görä, örän gadymy oba bolmaly. Çünki, Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly ylmy kitabynda: «Turkmenowedeniýe» žurnalynyň 1930-njy ýyldaky 11-nji sanynda Aşgabat şäheriniň merkezine telefon simini geçirmek üçin çukur gazylanda, gadymy suw geçirijisiniň üstüniň açylandygy barada habar berilýär. Şeýle-de, bu makalada, 1881-nji ýylda şäheriň düýbüniň tutulandygy hakda gürrüň berlip: «Arheologlar, takmynan, iki müň ýyl mundan ozal Aşgabadyň häzirki ýerleşen ýerinde henize çenli näbelli bolup gelen şäheriň bolandygyny subut edýärler» diýlip bellenilýär. Alym Öwez Gündogdyýew «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda hut şu nukdaýnazara we başga-da birnäçe taryhy ylmy çeşmelere esaslanyp, gözel paýtagtymyzyň Aşgabat adynyň gelip çykyşynyň türkmenleriň Parfiýa döwletiniň esaslandyryjysy Ärsagyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny ylmy esasda delillendirip, anyk-aýdyň subut edýär we  «Aşgabat – Ärsagabat», «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» diýen pikiri öňe sürýär.

Ýöne, muňa garamazdan, taryhy ylmy çeşmelerde «Aşgabat» sözüniň döreýşi barada tanymal alymlar tarapyndan birnäçe pikirleriň öňe sürülendigi hem mälimdir. XX asyryň birinji onýyllyklarynda belli dilçi alym A. Poseluýewskiý bu şäheriň adynyň parfiýa patyşalarynyň haýsy hem bolsa biriniň ady bilen baglanyşyklydygy baradaky çaklamany öňe sürdi.

XX asyrdaky dürli neşirlerde bu şäheriň ady aşakdakylar ýaly düşündirildi.

  1. Taryhçy S.G. Agajanow: «Aşgabat – Ärsaglar şäheri».
  2. Jugrafiýaçy E.M. Mürzäýew: «Astarta atly hasyllylygyň we söýginiň zenan hudaýynyň şäheri».
  3. Dilçi alym S. Atanyýazow: «Aşgabat –Yşkabat («eşh» – söýgi we «abat» – mekan, şäher».
  4. Kinorežissýor A. Atajanow: «Aşgabat – Asabat («as» – asman, «abat» – mekan, şäher)».
  5. Atlantolog W. Şerbakow: «Aşgabat – Asgard (aslaryň şäheri)».
  6. Taryhçy Öwez Gündogdyýew: «Aşgabat – Ärsagabat», «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri».

Döwrümiziň belli taryhçy alymy Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly ylmy kitabynda belleýşine görä, paýtagtymyz Aşgabadyň ady bilen baglanyşykly esasy düşündirişler şulardan ybaratdyr. Bu esasy düşündirişler barada alym şeýle belleýär: «Olaryň arasynda iň ýörgünlisi Aşgabadyň «yşk şäheri», «aşyklaryň şäheri» diýmegi aňladýandygy baradaky düşünjedir. Ýöne bu örän ýakymly eşidilýänem bolsa, bu ýerde hemme zat şeýle bir aýdyňam däl. «Eşh» pars-arap sözi bolmak bilen türkmen dilinde «yşk» (söýgi) we «aşyk» diýlip okalýar. Ýöne bu şähere Eşhabat, Aşkabat, ýa-da Aşykabat diýilmeýär ahyryn!

Ýokarda getirilen ikinji (bu düşündirişiňem tarapdarlary az däl), dördünji we bäşinji çaklamalar babatda aýdylanda bolsa, olaryň bary Aşgabat sözüne esas edip, «as» köküni alýandyklaryny we «Aşgabat» sözüniň «Aşg» we «abat» diýen iki bölege bölünýändigini hasaba almaýandyklary üçinem kabul ederlikli däldirler. Sebäbi «aşg» diýmek «as» diýmek däldir. Diýmek, diňe birinji düşündiriş galaýýar. Ony saýlap almaga esas barmyka? Hawa, şeýle etmäge taryhy maglumatlaram esas berýärler. Türkmen-Parfiýa şadöwletine baştutanlyk eden Ärsaglar neberesi hakda biz eýýäm gürrüň edipdik. Onuňam üstesine b.e. öňki VI – V asyrlarda Aşgabadyň häzirki ýerleşýän ýerinde dörän oba hut parfiýalylar zamanasynda ýeterlik derejede bolan berkitmä öwrülipdi. Dilçi alymlar hem şu pikiri goldaýarlar. Biz dilçi alym A. Poseluýewskiniň «Aşgabat» sözüniň Ärsaglar neberesinden bolan haýsydyr bir patyşanyň ady bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigi barada aýdan pikiri bilen tanyş bolupdyk.

Alym H. Ownuk bolsa orta asyrlaryň pars dilinde döredilen edebiýatynda bu neberäniň Aşganylar diýip atlandyrlandygyny tassyklaýar. Biz munuň şeýledigini Firdöwsiniň (XI asyr) goşgy setirleri arkaly hem subut edip bileris. Mysal üçin, onuň «Şanama» atly eserinde, aňyrsy pälwanlardan (ýagny, parfiýalylardan) bolan, söweşjeňlikleri bilen tapawutlanan, sasanylara gulluk eden we milady ýyl hasaby boýunça 590-njy ýylyň 9-njy martynda sasanylar eýranynyň tagtyna çykan serkerde Bähräm Çubin aşakdaky sözler bilen sasanylara haýbat atýar:

                       Men kuwwatly,

                                               gazaba münen ýolbars kimin topulyp,

                       Sasanylar taýpasyny süpürip taşlaryn.

                       Patyşalyk kitabyndan atlaryny

                                                                       öçürerin,

                       Sasany hökümdarlarynyň ýumraryn men

                                                                                       tagtlaryny.

                       Akyly bolan hakykata diň salsa,

                       Beýiklik Aşkany patyşalaryna ýaraşýar.

Bu setirleriň ýazylan wagtyndan dört ýüz ýyl geçensoň, Gündogaryň meşhur şahyry Alyşir Nowaýy (1441 – 1501):

                        Hany Keýanylar, Samanylar taýpasy,

                        Hany Isgender, Aşkanylar taýpasy?

diýen sorag bilen okyjylaryna ýüzlenipdir.

Parfiýa zamanasynda Köne Nusaýy Mihrdatkert (ýagny Mitridatyň galasy) diýip atlandyrypdyrlar. Mihrdat parfiýanyň patyşasy bolup, onuň adyny barlagçylar «Mihra (Mitra, ýagny, zaraostralaryň hudaýy Mihra) beren» diýip terjime edýärler (türkmenleriň Allaberen, Taňryberdi diýişleri ýaly) hem-de biziň günlerimize çenli gelip ýeten hut Mihra hudaýyň adynyň pars sözleriniň biri bolan «mähir» sözüniň manydaş sözüne öwrülendigini aýdýarlar. Türkmen dilinde «Ene mähri» ýaly söz düzümi we «mähriban» sözi duş gelýär. Eger ol ýerde täze ýurt tutunanlaryň Aşgabada Mihrdat kertden göçüp gelendigini çak etsek, onda olaryň täze dörän şähere hem öňki ýaşan şäherleriniňki ýaly, ýagny «Mihra şäheri» diýip at beren bolmaklary örän mümkindir. Ondan soňky döwürlerde halkyň öz islegine görä, «mihra» (mähir) sözüni «yşk» (söýgi) sözi bilen çalşan bolmagy hem mümkin. Bu şeýle bolaýanda-da, Mihrdat I özüni Ärsag VI (Aşg VI) diýip atlandyrandygyny ýatlasak, şäheriň ady bizi gadymy döwür – parfiýa zamanasy, ilkinji Ärsaglaryň atlary bilen baglanyşdyrýar».

Diýmek, Öwez Gündogdyýew «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda gözel paýtagtymyzyň Aşgabat adynyň gelip çykyşynyň, hakykatdanam türkmenleriň iň gadymy döwleti bolan Parfiýa döwletiniň esaslandyryjysy Ärsagyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny ylmy esasda delillendirip, anyk-aýdyň subut edýär.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine.

Peýdalanylan edebiýatlar: 

  • Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitaby.
  • Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar