Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“TikTok” barada näme bilýärsiňiz?

0
9404

“TikTok” näme?

“TikTok” – “ByteDance” hytaý kompaniýasyna degişli bolan, gysga wideo görnüşlerini çykarmak we görmek üçin niýetlenen mobil platformasy (ulgam). 

“TikTok” haçan we kim tarapyndan döredilýär?

“TikTok” 2016-njy ýylda Hytaýda “Douin” ady bilen esaslandyrylýar. Ol hytaýly progammist Çžan Imin tarapyndan döredilýär. Çžan Imin “music.ly” taslamasyny satyn alyp, ony öz platformasy bilen goşup, 2018-nji ýylda “TikTok” ady bilen “Douin”-iň halkara görnüşini (wersiýasyny) çykarýar.

“TikTok”-yň Los-Anjelesde, Nýu-Ýorkda, Londonda, Parižde, Moskwada, Berlinde, Dubaýda, Mumbaýda, Jakartada, Seulda we Tokioda ofisleri bar.

 “TikTok” haçan meşhur bolup başlady?

2018-nji ýylda auditoriýa hödürlenen pursatyndan başlap, diňe Hytaýyň özünde däl, eýsem dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem meşhur bolmaga we tiz tanalmaga başlaýar. Az wagtda “AppStore” we “Google Play”-den iň köp alynýan mobil goşundysyna öwrülýär. 

“TikTok” näme sebäpden beýle meşhur boldy?

Meşhur bolmagynyň esasy sebäbi – beýleki platformalara garanyňda öwrediji häsiýetine eýe. “TikTok”-da esasan “How to” we “LifeHacks” wideolary ýerleşdirilýär. Ýerleşdirilmäge rugsat berilýän wideolaryň dowamlylygy gysga bolany üçin, ulanyjylar olara tomaşa etmekden ýadamaýar.

Mundan başga-da, “TikTok” ýörite “akylly” algoritmi esasynda işleýär. Mysal üçin, ulanyjynyň gyzyklanýan ugurlaryny, ýagny haýsy temada kän wideo görýän bolsa, oňa goşundy açylanda esasan şol temadaky wideolaryň görülmegi maslahat berilýär. Munuň programma kodunyň arkasynda “Artificial Intelligence” (Emeli aň) tehnologiýasy düzülen diýlip birnäçe çeşmelerde habar berilýär. Netijede, ulanyjylar öz halaýan we gyzyklanýan wideolaryna ýadaman, gysga wagtda tomaşa edip bilýärler.

“TikTok”-yň beýleki platformalardan näme tapawudy bar?

“TikTok” beýleki platformalardan tapawutlylykda, adaty adamlara tiz tanalmaga we meşhur bolmaga ýol açýar. Eger “Instagram” we “YouTube” ýaly platformalarda esasan hem tanymal (futbolçy, kino aktýor, aýdymçy we ş.m.) adamlaryň yzarlaýjylary (подписчик) we goýulýan “Like”-lary kän bolsa, “TikTok”-da adaty adamlaryň goýan we paýlaşan wideolary hem birnäçe günde müňlerçe, millionlarça gezek tomaşa edilip we halanyp bilinýär. Çünki “TikTok”-da esasy maksat gyzykly kontentiň (mazmunyň) paýlaşylmagy bolup durýar.

“TikTok” mobil goşundysy ulanyjylara arka fonda aýdym-sazly gysga wideolary çykarmaga mümkinçilik berýär, wideony ýörite filtrler bilen çaltlaşdyryp, haýallaşdyryp hem-de kebşirläp bolýar. Mysal üçin, ulanyjy meşhur aýdymçynyň aýdymyny açyp, şol aýdyma agzyny gymyldadyp, özi aýdýan ýaly, ýa-da belli bir saza tans edip, ulanyjylaryň arasynda şol wideolary paýlaşyp we trend edip bilýär. 

“TikTok”-yň ulanyjylary.

Mobil goşundynyň 150 ýurtdan 1 milliarddan gowrak ulanyjysy bar. Mobil goşundynyň auditoriýasy esasan 16-40 ýaş aralygy ulanyjylar. 

Mysal hökmünde iň iri ýurtlaryň biri Russiýany alsak, 2019-njy ýylyň ahyrynda ulanyjylar her aý “TikTok”-daky wideolary ortaça 16,25 milliard gezek görüpdirler, 20,83 million sanysyny ýerleşdiripdiler, 23 million sanysyny bolsa paýlaşypdyrlar we 1,62 milliard wideo halanypdyr.

“TikTok”-yň maliýe görkezijileri.

“TikTok”-y esaslandyran Çžan Imin ilkibaşda “music.ly” taslamasyny 1 milliard dollara satyn alan bolsa, 2019-njy ýylda “TikTok”-dan gelen arassa girdejisi 3 milliard, 2020-nji ýylyň 1-nji çärýeginde bolsa 5,6 milliard dollara barabar bolupdyr.

“TikTok”-a meňzejek bolýan platformalar.

Dünýä ýüzünde “TikTok”-yň bäsdeş platformalary diýseň kän. Ýönekeý mysal bersek, “YouTube” golaýda “YouTube Shorts” atly platforma döretdi. “YouTube Shorts”-yň işleýşi edil “TikTok” ýaly: gysga wideolar, gyzykly kontentler. Bu hem bäsdeşinden galmajak bolup döredilen hyzmat.

“TikTok” barada gysgaça aýdylanda:

  1. “TikTok” – gysga wideo görnüşleri görmek we paýlaşmak üçin sosial tory;
  2. Dünýä ýüzünde 1 miliarddan gowrak ulanyjysy bar: häzirki wagtda bu san ep-esli ösdi we “Faсebook”, “Twitter”, “Instagram”, “Youtube” ýaly gigantlary geçmegi başardy;
  3. 2016-njy ýylda döredilenine garamazdan, onuň mobil goşundysy “AppStore” we “GooglePlay”-dan 1,5 miliard gezekden gowrak alyndy;
  4. Dünýäde iň gymmat “startup” (biznes) taslamasy hökmünde hasaplanýar;
  5. “TikTok”-da ABŞ-nyň özünden 30 milliondan gowrak ulanyjy bar;
  6. Ulanyjylar gündelik 50 minudyny onuň içinde geçirýärler;
  7. Ulanmak aňsat, “Instagram” bilen deňeşdirilende - ulanyjylary ýönekeý auditoriýa;
  8. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ony ulanýanlaryň sanawy boýunça 1-nji ýere geçdi.

“Türkmenportal”-y yzygiderli okaň we täzeliklerden mydama habarly boluň!

Biziň “TikTok”-daky sahypamyza şu salgyda goşulyň.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar