Hytaýyň Guýçžou ülkesindäki «Pinba» botanika bagynda ýarym million sany sakura agajy gülledi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Açyk-gülgün güle bürenip oturan bagy synlamak üçin jahankeşdeler ýygnandy. Olar gülleriň gözelliginden başga-da, täsin ysly bark urýandygyny aýdýarlar. Bu gözellik 800 gektary eýeleýär.
Botanika bagyna gelen Lýu şeýle gürrüň berýär: «Biz baglaryň arasyndaky ýodajykdan barýarkak, gül ýapraklary üstümize edil ýagyş ýaly dökülýärdi. Olar meni göýä ertekiler dünýäsine düşüren ýaly boldy. Bu mende ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy».
«Pinba» dünýäde iň uly sakura bagydyr. Ol lotos gülüniň ýapraklaryny ýatladýan meýdany tutýar we ÝUNESKO-nyň özboluşly mirasy hasaplanýar.