BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky 79/274 Kararnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde «Parahatçylyk döredijilik we parahatçylygy goldamak» 61-nji bende laýyklykda BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi.
Çap edilen resminama bilen aşakdaky salgylanma arkaly dolulygyna tanyş bolup bilersiňiz: docs.un.org/A/RES/79/274.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilendigini habar beripdik.