Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Katara iş saparyny amala aşyrdylar

18:3127.02.2025
0
21170
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Katara iş saparyny amala aşyrdylar
Surat: mejlis.gov.tm

25-26-njy fewral günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Kataryň paýtagty Doha şäherine iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen wekiliýeti saparyň dowamynda türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň birinji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi hem-de ýurtda gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalary kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň köpugurly türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Şeýle hem parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, parlamentara dostluk toparynyň işiniň ilerledilmeginiň geljekde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýol açmaga itergi berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak işini dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şeýle-de iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Katar Döwletiniň Şura Geňeşiniň Başlygy Hasan bin Abdullah Al Ganim bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Mejlisiň wekilleri hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, şeýle hem Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrdylar.

Duşuşygyň dowamynda Katar Döwletiniň Şura Geňeşiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Kataryň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda tagallalary edýändigini, bu babatda iki döwletiň syýasy, diplomatik garaýyşlarynyň örän ýakyndygyny belläp geçdi.

Şeýle-de türkmen tarapy Şura Geňeşiniň ýolbaşçylaryny we agzalaryny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Mundan başga-da, saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň merkezinde «Al Shark» gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Kataryň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň