Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dowam edýän konsert maksatnamalarynyň çäklerinde Tunis Respublikasynyň meşhur estrada ýyldyzy Amani Swissi çykyş etdi. Zehinli aýdymçy arap we türkmen dillerinde ýerine ýetiren çykyşlary bilen türkmenistanlylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Ýeri gelende bellesek, Amani Swissi Türkmenistanda 2022-nji ýylda hem konsert beripdi. Ol şu gezekki konsertinde «Ulumsy», «Nirede?», «Gorky», «Gözel gyz» ýaly arap aýdymlary bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň sözlerine döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdymy hem-de «Eý, daragym, batlan!» aýdymyny türkmen dilinde ýerine ýetirdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtlaryň belli estrada ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän Täze ýyl baýramçylyk konsertleri 28-nji dekabra çenli dowam eder. Indi bolsa russiýaly belli aýdymçy Arsen Şahunsyň hem-de türkiýeli estrada ýyldyzy Gülşen Baýraktaryň konsertleri Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanhanlary üçin ajaýyp Täze ýyl sowgadyna öwrüler.
Şeýle hem ozal, Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Emin Raseniň, Olga Şultaýsyň, Osman Nowruzowyň we Murat Bozuň konsert berendigi barada habar beripdik.