Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň 9 aýynda (2024-nji ýylyň 21-nji martyndan bäri) ýurduň Türkmenistan bilen serhetdäki Sarahs demir ýol bekedi arkaly eksport eden harytlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň demir ýol edarasynyň baş direktory Mustafa Nasiriniň sözlerine salgylanyp, «IRNA» ýazýar.
Hasabat döwründe Saras demir ýol bekediniň üsti bilen daşalan halkara ýükleriň (eksport, import we üstaşyr) umumy mukdary 2 million 200 müň tonna deň boldy. Şonuň 840 müň tonnasy daşary ýurtlara eksport edilen eýran harytlarynyň paýyna düşýär. Umumy eksport edilen ýükleriň 810 müň tonnasy bolsa Horasan-Rezawi welaýatyndan iberilipdir. Eksportyň esasy bölegi eýran wagonlary arkaly Türkmenistana amala aşyrylypdyr.
Sarahs demir ýol bekedi arkaly amala aşyrylan import hem 37 göterim ýokarlanyp, 61 müň tonna ýetdi. Importyň esasy bölegi pagta we oba hojalyk önümlerine degişli.
Ýeri gelende bellesek, Eýran geçen ýyl Sarahs serhetýaka demir ýol bekediniň üsti bilen 1 million 35 müň tonna ýüki eksport edipdi.
Maglumat üçin, gümrük we serhet geçelgesini özünde jemleýän Sarahs demir ýol bekedi Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Horasan-Rezawi welaýatynda, Maşadyň 185 km demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär. Ol Eýranyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen eksport we import amallarynda esasy nokatlaryň biridir.