Top.Mail.Ru

Russiýanyň DIM elektron wizalaryň hereket ediş möhletini uzaltmagy meýilleşdirýär

14:3926.12.2024
0
19595

Russiýanyň Daşary işler ministrligi elektron wiza ulgamynyň mümkinçiliklerini düýpli giňeltmäge gönükdirilen kanunçylyga üýtgetmeleri girizmekligi taýýarlaýar. Russiýanyň DIM-niň konsullyk departamentiniň direktory Alekseý Klimowyň «RIA Nowosti» bilen söhbetdeşliginde beýan etmegine görä, daşary ýurt raýatlarynyň elektron wizasy boýunça Russiýada bolup bilýän möhletini onuň bolma gezeginiň sanyny üýtgetmän, 16 gije-gündizden 30 gije-gündize çenli uzaltmagy meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, edara ýeke-täk elektron wizanyň hereket ediş möhletini 60 gije-gündizden 120 gije-gündize çenli uzaltmagyň üstünde işleýär. Klimowyň sözlerine görä, bu üýtgetmeler syýahatçylyk, işewürlik, ynsanperwerlik we myhman bolmak maksatlary bilen Russiýa gelýän daşary ýurt raýatlarynyň akymynyň artmagyna ýardam etmelidir. Şol bir wagtyň özünde, DIM-niň wekili migrasiýa gözegçiliginiň degişli derejesi we Russiýanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ähli talaplaryň saklanjakdygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji dekabrynda Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin Russiýa Federasiýasyna girmek üçin ýeke-täk elektron wizany resmileşdirip bilýän ýurtlaryň sanawyny giňeltmek barada buýruga gol çekdi. Täzelenen sanawa Türkmenistan bilen birlikde Barbados, Butan, Zimbabwe, Iordaniýa, Keniýa, Papua - Täze Gwineýa, Sent-Lýusiýa, Tonga, Trinidad we Tobago, Eswatini ýaly beýleki birnäçe ýurt girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň