Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim bilen geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Bu barada TDH ýazýar.
Resmi saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi hem-de taraplar aşakdaky resminamalary alyşdylar:
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda wiza talaplaryny kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyk hakynda notalary;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalary;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalary;
- Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany;
- Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-I» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnamany;
- Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany;
- Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany.