18-nji dekabrda Kuala-Lumpurda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow malaýziýaly kärdeşi Datuk Seri Mohamad Hasan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdy. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.
Duşuşykda, esasan hem, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin Bilelikdäki topary döretmek barada maslahatlaşyldy.
Malaýziýanyň Daşary işler ministrligi iki tarapyň hem nebit we gaz pudagynda däp bolan hyzmatdaşlygyndan başga ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenendigini aýtdy.