Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýner otlusyny ibermegi gurady

15:1818.12.2024
0
18373

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» APJ (TULM) Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinden karbamid ýüki bilen ilkinji konteýner otlusyny ibermek arkaly deňi-taýy bolmadyk logistika ugruna ýük ibermek başlangyjy bilen çykyş etdi. «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň» habar bermegine görä, her biri 28 tonna barabar bolan mineral dökünli 54 sany 40 futlyk konteynerden ybarat bu otly şeýle görnüşdäki ilkinji göni ýük gatnaw ugry bolup durýar.

Otly barmaly nokadyna çenli birnäçe ýurtlaryň üstünden geçer: Özbegistandan Türkmenbaşy portuna, ondan soň Azerbaýjanyň we Gruziýanyň çäklerinden geçip, Poti portuna baryp ýeter. Gruziýanyň portunda konteýnerler deňiz gämisine ýüklenip, Braziliýanyň Paranagua portuna baryp gowşar. Ýüki eltip bermegiň umumy möhleti 60-70 gün bolup, onuň 20 gününi demir ýol bölegi, 35-45 gününi bolsa ýüküň ummandan geçmek bölegi tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň