Müsüriň günortasyndaky Asuan ülkesinde «Abydos 1» Gün elektrik stansiýasy açyldy, ol Ýakyn Gündogarda we Afrikada iň uly beketdir diýip, ýurduň Hökümetine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
«Premýer-ministr (Müsüriň Premýer-ministri Mustafa Madbuli) Kom-Ombo çölünde «Abydos 1» Gün elektrik bekedini açdy» diýlip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň habarynda aýdylýar.
Gün elektrik stansiýanyň kuwwatlylygy 500 megawatt bolup, oňa 500 million dollar maýa goýuldy. Beket 10 müň inedördül metr çäkde ýerleşip, iki sany esasy transformatordan ybarat, Olar Ýakyn Gündogarda hem-de Afrikada iň uly desgalardyr. Taslama 1,5 ýylda amala aşyrylyp, oňa Emirlikleriň «AMEA Power» kompaniýasy gatnaşdy.
Müsüriň Hökümeti 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny 42 göterime ýetirmegi maksat edinýär diýlip, habarda bellenýär.