12-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambelýasynda her ýylyň 23-nji oktýabryny Halkara gar barsynyň güni diýip yglan etmek baradaky Kararnama kabul edildi. Gyrgyzystanyň başlangyjy esasynda kabul edilen bu resminamanyň awtordaşy hökmünde Türkmenistan hem çykyş etdi. Bu barada BMG-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Gar barsy Merkezi we Günorta Aziýanyň daglyk sebitlerinde ýaşaýan seýrek duş gelýän ýyrtyjydyr. Ol Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna hem girizilendir. Häzirki wagtda oňa ýitip gitmek howpy abanýar.
Kabul edilen Kararnama laýyklykda, ýakyn geljekde gar barslarynyň sanyny köpeltmek, olaryň ýitip gitmeginiň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar.
Kararnama ähli gyzyklanýan taraplary gar barslaryny goramak tagallalaryna goldaw bermek üçin halkara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çagyrýar.