Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady, şeýle hem Gahryman Arkadaga iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi. Şunda “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirip gelýändigi nygtaldy.
"Häzirki wagtda Aşgabatda şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnama amala aşyrylýar. Paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek şol maksatnamanyň esasy wezipesidir" diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary önümçilik kuwwaty bolan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Bellenilişi ýaly, “Wozroždeniýe” kompaniýasy hem şolaryň hataryndadyr. Döwlet Baştutany özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny beýan etdi.
Igor Bukato bildirilýän ynam we goldaw üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirmek we Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.