10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki Sebitleýin edarasynyň Direktory Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler.
Taraplar özara gatnaşyklar we gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly häzirki meselelere garadylar.
Hususan-da, «Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ynam gaznasyny döretmek baradaky Çarçuwaly ylalaşyga» laýyklykda, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, medeni miras ýadygärliklerini gorap saklamak we taryhy ýadygärlikleri dikeltmek ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ulanmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň hasabyna zerur serişdeleri iberendigi bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2025-2027-nji ýyllar aralygynda hereketleriň meýilnamasyny düzmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.