Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda döwrebaplaşdyrma işlerinden soň «Ak ýol» bazary açyldy

15:2110.12.2024
0
32895

Aşgabatda dabaraly ýagdaýda döwrebaplaşdyrylan «Ak ýol» söwda bazary açyldy, durky täzelenen söwda toplumynyň meýdany takmynan 11 000 inedördül metr.

Täze söwda toplumy öz möçberiniň ululygy we mümkinçilikleri bilen bazara gelýänlerde täsir galdyrýar. Söwda bazary iki gatdan ybarat bolup, ol ýerde 284 söwda dükany ýerleşýär, şeýle hem söwda toplumynda satyjylaryň harytlaryny saklamak üçin iki ambar we sowadyjy otaglar bar.

Durky täzelenen «Ak ýol» bazarynyň esasy artykmaçlygy bu söwda toplumynda harytlaryň giň görnüşiniň bolmagydyr. Bu ýerde ýerli öndürijileriň egin-eşiklerini, täze azyk önümleri, süýji önümleri we aýratyn möwsümleýin harytlary, şol sanda täze ýyla niýetlenen baýramçylyk sowgatlaryny tapyp bolýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň