Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy

12:3310.12.2024
0
20135

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürlerine dokma önümleri, ýod ergini, nah ýüplük hem-de nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 680 müň dollaryna golaý boldy.

Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy, garyşyk parafin gaçy we nebit bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem el halylaryny, nah ýüplügi, çig ýüpegi we beýlekileri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 154 million 257 müň manatdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň