Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy

11:4309.12.2024
0
11185
Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy
Surat: newscentralasia.net

Owganystanyň iň uly energiýa kompaniýasy bolan «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS Türkmenistan bilen energiýa satyn almak şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.

Bu şertnama DABS-yň baş ýerine ýetiriji direktory Abdul Bari Omaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana sapary wagtynda gol çekildi.

DABS-yň habaryna görä, bu şertnama laýyklykda elektrik togy Türkmenistandan Owganystana dört ugur boýunça, ýagny Andhoý, Akina, Badgis we Turgundy — Hyrat arkaly getiriler.

Owganystan içerki çeşmelerden, takmynan, 300 megawat elektrik öndürýär we her ýyl goňşy ýurtlardan — Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Eýrandan 620 megawatdan gowrak energiýa import edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň