Türkmenistanyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň 28-nji ýörite mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Çeşmäniň bellemegine görä, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama ýolbaşçylyk edýän türkmen tarapy synçy hökmünde gatnaşmaga çagyryldy.
Mejlisiň dowamynda Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş sekretary çykyş etdi, agzalan agentligiň Geňeşiniň hasabatlary, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.
Ekologiýa şertlerini nazara almak bilen, Latyn Amerikanyň ýadrosyz statusyny saklamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny giňeltmäge, ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň işiniň esasy ugurlary beýan edildi.
Hususan-da, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak bilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyna garaldy.
Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili çykyş etdi. Çykyşda sebitdäki ýadro ýaragyndan azat zolaklar bilen hyzmatdaşlygyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara tagallalaryny birleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň netijeleri bellenildi.