30-njy noýabr – 1-nji dekabr aralygynda Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Syçuan sebitiniň Çendu şäherinde Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 5-nji maslahaty geçiriler. Oňa Hytaýyň kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy we Hytaýyň daşary işler ministri Wan I başlyklyk eder. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Sinhua» habar berdi.
Hytaýda geçiriljek maslahata Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhridin, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Özbegistanyň daşary işler ministri Bagtyýor Saidow gatnaşar.
Maslahatyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary hytaý tarapy bilen sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, özara gatnaşyklary berkitmek ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.