26 — 28-nji noýabrda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Geňeşiniň 115-nji mejlisi geçirilýär.
Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we sebit guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda, şeýle hem dünýäniň abraýly halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen durmuşa geçirýän ähmiýetli işleri, ýurduň toplan oňyn tejribeleri barada gürrüň berdi.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada hem-de Howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýa hakynda Ählumumy Ylalaşygyň wezipeleri, olaryň durmuşa geçirilişi barada belläp geçdi.migration.gov.tm