Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: oňaýly we tiz eltip bermek

10:3727.11.2024
0
20170

Durmuşyň häzirki akymy amatly we tiz amala aşyrylýan çözgütleri talap edýär. Bu meselede «Türkmenpoçta» kompaniýasy «gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmatyny hödürleýär.

Poçta gullugynyň hünärmenleri müşderilere poçta bölümlerine baryp gymmatly wagtlaryny ýitirmezlikleri üçin giň mümkinçilik döredýän iň amatly hyzmaty döretdiler. Indi çaparyň müşderä amatly bolan wagtda görkezilen ýere gelmegi üçin mobil goşundydan bir gezek jaň etmek ýa-da birnäçe düwmä basmak ýeterlikdir.

Dükanyňyz ýa-da onlaýn-marketiňiz üçin ygtybarly eltip bermek hyzmatyny gözleýärsiňizmi? «Türkmenpoçtanyň» ýardam bermegi bilen, müşderileriňiz sargytlaryny çalt we ygtybarly görnüşde alarlar.

Täze ýyla taýýarlyk görýärsiňizmi? Türkmenistanyň haýsy künjeginde ýerleşýändigine garamazdan, ýakynlaryňyza sowgat ibermek üçin «Türkmenpoçta» çaparlarynyň eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyň.

Hyzmaty (+993 12) 92 14 95 telefon belgisine jaň edip sargyt etmek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň