«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly halkara sergisine gatnaşýar. Agentligiň diwarlygynda edaranyň hünärmenleri ýurdumyzyň ilatyna we telekeçilerine hödürlenilýän häzirki zaman telekommunikasiýa hyzmatlarynyň giň toplumyny görkezdi.
Agentligiň ekspozisiýasy milli aragatnaşyk operatorynyň mümkinçiliklerini doly açyp görkezdi. Olara ýerli we ykjam aragatnaşyk, ýokary tizlikli internet, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk çözgütleri degişlidir.
Diwarlyk agentligiň telekommunikasiýa boýunça soňky döwürde esasy gazanan üstünliklerini aýdyň görkezmek bilen, türkmen jemgyýetiniň sanly özgerdilmeginde hem-de ýurdumyzda häzirki zaman maglumat infrastrukturasynyň batly depginler bilen ösüşindäki ornuny nygtady.
Sergä gatnaşmak «Türkmenaragatnaşyk» agentligine halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Agentligiň hünärmenleriniň daşary ýurt kärdeşleri bilen işjeň gatnaşmagy, telekommunikasiýa ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň we tejribe alyşmagyň geljegini öwrenmäge mümkinçilik berýär.