Türkmen milli aý-gün senenamasyna görä, garagyş döwri başlandy. Garagyş gyş paslynyň öň ýanyndan, 22-nji noýabrda başlanyp, 7-nji dekabra çenli 15 gün dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:
«Garagyş günleri käte maldary-da, daýhany-da kyn güne goýýar. Aralyk ekinleriniň hasylyny ýygnap ýetişmedik daýhanyň käbir ýyllarda ony garyň aşagyndan alýan wagtlary hem bolýar. Hut şonuň üçin-de, garagyş döwri gyşyň ýetip gelendigini öňräginden ýatladýar.
Sebäbi käbir ýyllarda akrap maýyl gelip, adamlar gyşyň düşenini hem duýman galýarlar. Şeýle ýagdaýda daýhan-da, maldar hem köp ýitgi çekmeli bolýar. Ine, şuny ýatlatmak üçin-de pederlerimiz gyşyň başyny garagyş diýip atlandyrypdyrlar.
Dört bölege bölünen gyşyň iň soňky — 8-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän döwrüne-de iň soňky garagyş diýilýär. Munuň özi «Entek gyş gutaranok, arkaýynlaşma!» diýýäne meňzeýär. Hakykatdan-da, togsan dolup, gyş tamam boldy diýilse-de, ol käbir ýyllarda gazabyna tutup, gar ýagdyryp, doňakçylyk hem ediberýär. Hut şonuň üçin-de, gyşyň gylyksyz oýunlarynyň kyrkysyndan-da mydama hüşgär bolmalydygyny unutmaly däl».
Şu ýyl gyşyň maýyl gelmegine garaşylýar. Sebäbi her kyrk ýyldan gaýtalanýan we biri-birine juda meňzeş gelýän ýyllara görä, ýaşulular 1984-nji ýylyň hem gyşynyň maýyl gelendigini ýatlaýarlar diýlip, habarda bellenilýär.