Şu gün – 19-njy noýabrda Moskwadaky Ýeňiş muzeýinde ýurduň Halk artisti Wladimir Maşkow tarapyndan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň nyşany bilen tanyşdyrylyş dabarasy bolar.
Bu barada RF-niň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow habar berdi diýip, «ria.ru» ýazýar.
«2025-nji ýyl golaýlaşýar, bu biziň hemmämiz üçin aýratyn ýyldyr. Biz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyny belläris. 9-njy maýda iri çäre guralar. Mundan başga-da birgiden başlangyçlar, tutumlar, sergiler meýilleşdirilýär» diýip, Peskow habarçylara gürrüň berdi.