Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gruziýanyň adam hukuklaryny goraýjy edaralary tejribe alyşdylar

09:5014.11.2024
0
9660
Türkmenistanyň we Gruziýanyň adam hukuklaryny goraýjy edaralary tejribe alyşdylar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň Gruziýanyň Halk goragçysy Tamara Gwaramadze bilen duşuşygy bolup geçdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň maksady Gruziýanyň halk goragçysynyň merkezi edarasynyň, onuň müdirlikleriniň we sebit bölümleriniň iş tejribesi bilen tanyşmak, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak boldy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň diwanynyň ýurtda adam hukuklary babatda alyp barýan işi we özgertmeler barada gürrüň berildi.

Taraplar ýurtda adam hukuklarynyň mundan buýanky ösüşinde garaşsyz edara hökmünde Adalatçynyň diwanynyň ornuna baha berdiler, adam hukuklaryny goramak boýunça öňdebaryjy tejribe alşygynyň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistana saparynyň çäginde Gruziýanyň halk goragçysynyň orunbasary Tamara Gwaramadze BMG-niň AHÝKM-niň halkara geňeşçisi Natalýa Uteşowa bilen Türkmenistanyň Adalatçynyň diwanynyň wekilleri üçin geçirilen «Milli adam hukuklaryny goraýjy edaralar tarapyndan arzalara garamagyň netijeli usulynyň halkara ulanylyşy» mowzugynda maslahata gatnaşdy. Maslahatda milli hukuk goraýjy edaralaryň borçlary we wezipeleri, arzalara Pariž ýörelgeleriniň talabyna laýyklykda garalyşy, derňew geçirme usullary, arzalara Gruziýanyň halk goragçysynyň garaýyş usuly barada çykyşlar diňlendi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň iş usulyna garalyp geçildi, çekişmeler guraldy, oňa gatnaşanlar häzirki standart işlemi berkitjek teklipleri taýýarlamaga bolan garaýyşlaryny we pikirlerini beýan etdiler. Bu çäre Adalatçynyň diwanynyň işgärlerine milli hukuk goraýjy edaralaryň arzalaryna Pariž ýörelgelerine laýyklykda garamagyň halkara tejribesini öwrenmäge we saýry saýylmazlyk bilen baglanyşykly hukuklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Saparyň dowamynda Gruziýanyň ýörite derňew gullugynyň, Adam hukuklary boýunça Merkeziň we beýleki ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryda boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň