Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ulag hyzmatlarynyň möçberi 2024-nji ýylyň on aýynda 19,1% ýokarlandy

10:4409.11.2024
0
29063

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumy 2024-nji ýylda ýokary ösüşleri görkezdi. Ýanwar-oktýabr aýlarynda bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişi we hyzmatlaryň edilişi boýunça görkeziji 119,1% ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew hökümetiň mejlisinde habar berdi.

«Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 119,1 göterime deň boldy» – diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) M. Çakyýewiň sözlerini getiýär.

Hasabatda berilýän maglumatlara görä, ähli görnüşli ulaglar arkaly ýük daşamalary 3,3%, ýolagçy gatnawlary bolsa 4,3% ýokarlandy. Iň ýokary ösüşi – 154,5% «Türkmenhowaýollary» agentligi görkezdi. Şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» (114,6%), «Türkmendeňizderýaýollary» (114%) we «Türkmenawtoulaglary» (110%) ýokary ösüş depginini görkezdi.

Maslahatyň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişi we ýurduň dürli sebitlerinde täze ulag desgalarynyň gurluşygynyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we pudagyň sanlylaşdyrylmagyny giňeltmek boýunça wezipeleri goýdy. Şunda «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň halkara standartlaryna laýyklykda ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň