Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we ABŞ-nyň Eksport-import banky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maslahatlaşdylar

15:5107.11.2024
0
24505

Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ABŞ bilen ykdysady we ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Waşington şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň çäginde wekiliýetiň ABŞ-nyň Eksport-import bankynyň (EXIM) prezidenti we müdiriýetiniň başlygy Reta Jo Lýuis we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Riçard Dýuk bilen gepleşikleri geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamyndaky başlangyçlar, metanyň zyňyndylaryny azaltmak, şeýle hem kabul ederlikli ykdysady, energiýa we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar durnukly ösüşi ilerletmek babatda bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler we bu maksatlara ýetmek üçin maliýedir tehnologiki çeşmeleri çekmegiň ýollaryny öwrendiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň