Duşenbe güni Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary saýlaw konferensiýasynda 43 ýaşly Guwançmuhammet Öwekow biragyzdan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň täze başlygy wezipesine saýlandy. Bu barada «Janköýer» habar berdi.
Hünär ýoluny tamamlandan soň, Guwançmuhammet «Ahalyň» tälimçiler toparynda işledi, soňra «Ahal» we «Arkadag» futbol klublaryna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda Ahal 2022-nji ýylda çempionatda we Türkmenistan Kubogynda ýeňiji boldy. Hünärmen şeýle üstünligi «Arkadag» futbol topary bilen hem gazanmagy başardy.
Öwekow professional derejedäki futbol ýolunda türkmen klublarynda («Nisa», «Balkan») we daşary ýurtlarda oýnady.