Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy

04:0103.11.2024
0
20557


Şu gün Aşgabatda, Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş hem-de halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ir bilen Saglyk ýolunyň 8 kilometrliginiň başlanýan ýerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary we komitetleriniň başlyklary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar we halk köpçüligi ýygnandylar.

Hemmeler döwlet Baştutanyny uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.
Saglyk ýolunyň 8 kilometrliginiň başlanýan ýerinde medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin ýörişe badalga berdi we Saglyk ýoluna ýörişe başlady. Döwlet Baştutany ýolugra türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny, dag gözelliklerini synlady. Şeýle-de Saglyk ýolundan gowy görünýän paýtagt şäher Aşgabady synlap, degişli wise-premýerler bilen ýolugra gürrüňdeş boldy we şäheri has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, degişli gurluşyklaryň gidişi, ekologik taýdan abadanlaşdyryş çäreleriniň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.

Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýörişe jemi 6 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, wise-premýerler, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Mejlisiň Başlygynyň orunbasary we komitetleriniň başlyklary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, talyp ýaşlar hem-de halk köpçüligi uly ruhubelentlik bilen Saglyk ýolundan geçdiler.

Köpçülikleýin ýöriş başlanmazdan öň, ir bilen bu ýerde Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleriniň; ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň; şeýle-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarnyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryşa hem badalga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň