27-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistan bilen “Visa” amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalary, innowasiýalary ösdürmek baradaky meseleleri giriziler. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 1-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda aýdyldy.
Wise-premýer “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hasabatynyň başynda Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny ýurduň milli pul birliginiň – türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli gutlap, arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda halkara guramalar we daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, tejribe alyşmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany noýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistan bilen “Visa” amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.