Argentinanyň Merkezi banky Respublikanyň Zikgehanasy bilen hümmedi 1000 we 2000 peso bolan kagyz pullary çap etmek baradaky geleşigi ýatyrdy. Hökümet indi milli pullary Hytaýda çap etmekçi bolýar. Bu barada Zikgehana howlusyna salgylanýan «La Nacion» gazeti habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Habarda Hytaýyň Argentinany nominaly 10 müň pesolyk banknotlar bilen üpjün etjekdigi aýdylýar. HHR-den bolan çaphana şeýle hem şu ýylyň dekabrynda Argentina eltiljek 20 müňlük pesony çap etmäge bäsleşikde ýeňiji boldy.