Geçen hepdede 86 ýaşynda aradan çykan hindistanly işewür Ratan Tata öz emläginiň köp bölegini, ýagny 91 million ýewrony Tito atly söýgüli itine miras goýdy. Bu barada «The Daily Mail» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Ratan Tatanyň maşgalasy ýokdy, yzynda çagalary galmady. Şonuň üçin onuň mirasdüşerleri dogany we öweý uýalary bolmalydy. Emma ol öz mirasynyň köp bölegini itine, hyzmatkärine hem-de aşpezine goýmak kararyna geldi. Ölüminden öň Tata öz itine hemişelik ideg etmegi sargyt etdi.
«Bu baýlygyňy güjeňlemek däl-de, onuň öý haýwanlaryndan we iki kömekçisinden alan kömegi hem-de olaryň bagyş eden ýakymly günleri üçin minnetdarlygydyr» diýip, Ratan Tatanyň ýakynlarynyň biri aýdýar.