Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tatarystan Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

10:1128.10.2024
0
12110
Tatarystan Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Surat: национальныепроекты.рф

Tatarystanyň Naberežnoçelninskiý döwlet mugallymçylyk uniwersiteti Türkmenistanyň Milli bilim instituty hem-de D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty bilen hyzmatdaşlyk eder.

«Naberežnoçelninskiý döwlet mugallymçylyk uniwersiteti biziň ýurtlarymyzda bilimiň we ylymyň ösmegine goşant goşjak berk gatnaşyklary döretmegi maksat edinýär» diýip, bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Alfinur Galiakberow belläp geçdi.

Onuň aýtmagyna görä, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty dil bilimini öwretmek we medeni alyş-çalyş ulgamynda baý tejribä eýedir. Türkmenistanyň Milli bilim instituty bolsa mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy gurluşdyr.

Mundan başga-da, rektor Alfinur Galiakberow Naberežnoçelninskiý döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň Türkmenistan bilen 15 ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýändigini, şu wagta çenli bu ýokary okuw mekdebini müňlerçe türkmenistanly talybyň tamamlap, olaryň aglabasynyň häzirki wagtda Türkmenistanda çagalara bilim berýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň